logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň awgust sany okyjylara ýetirildi
  04.09.2025
1826
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň awgust sany okyjylara ýetirildi

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda çykarylýan «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň awgust sany çapdan çykdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Däp bolşy ýaly, neşirde Garaşsyz döwletiň ösüşinde, hormatly belent sepgitlere ýetilmeginde ýaşlaryň tutýan orny we goşýan goşandy beýan edilýär.

 

Sanyň ilkinji sahypalarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kabul edilen Kararlar barada giňişleýin makala ýerleşdirilipdir.

 

Hazaryň kenarynda geçen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň çäklerindäki halkara Ýaşlar forumy barada taýýarlanan «Ýaşlar forumy: röwşen geljegiň täze gözýetimi» atly makalada forumyň ýokary ruhubelentlikde geçendigi aýratyn nygtalýar. Awazada geçirilen bu giň möçberli çäre hakyndaky maglumatlaryň käbirleri iňlis dilinde hem okyjylara ýetirilýär.

 

«KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy baradaky makalada bagtyýar çagalyk hakda gürrüň berilýär. Şeýle hem rus dilinde taýýarlanan «Ylym we tehnologiýa täzelikleri» atly makalada häzirki döwrüň ösen tehnologiýalary hakynda täsirli maglumatlar ýerleşdirilipdir. Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan makala onuň döredijilik mirasyna seredýär. Mundan başga-da, Modell-Weil teoremasy baradaky iňlis dilinde çap edilen makala hem okyjylaryň ünsüni çekýär.

 

Žurnalyň soňky sahypalarynda aýlyk täleýnama, şeýle hem «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň düzgünnamasy ýerleşdirilipdir. Elektron neşirde bolsa «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň täze ýeňijisi baradaky maglumat bilen jemlenýär.

 

Mälikberdi Çerkezow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.