logo

Latest news:
✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦
Home / Society /“Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy”
  04.09.2025
993
“Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy”

Her ýylyň 1-nji sentýabry  30-njy sentýabry aralygynda geçirilen biraýlyk ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisiniň howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Başlanan biraýlygyň “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” diýip atlandyrylmagy hem bellenilen maksatlara gabat gelýär. Şu günler tutuş ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly çäreler geçirilýär. Ministrlikde we pudaklaýyn dolandyryş edaralara ýol hereketiniň  howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirilýär.Okuw jaýlarynda  ýol hereketiniň  düzgünlerini giňişleýin düşündirmek boýunça wagyz-nesihat  işleri geçirilýär. Şeýle hem ilatyň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri we olaryň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlary barada gürrüňdeşlikler guralýar.

 

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mysal üçin, 2022-nji ýylyň maý aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda “ Türkmenistanyň  Kanuna üýtgetmeler girizmek hakyndaky” we Türkmenistanyň “Administratiw  düzgün bozmalar hakynda Türkmenistanyň Kodeksine  goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň  Kanunlary hereket edýär. Kadalaşdyryjy – hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi  raýatlaryň we sürüjileriň Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegini gazanmakda ybaratdyr.  Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny, köprüleri we degişli  ýol-ulag infrastruktrasyny gurmak boýunça hem maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

 

Ýol hereketiniň kadalaryny yzygiderli bozýarysmy?

 

Dogrusy ,  sürüjileriň ählisi diýen ýaly özleri bilmezden ýol hereketiniň kadalaryny yzygiderli bozýarlar. Geliň iň köp bozulýan düzgünler bilen tanyş bolalyň.

 

Nobatdan daşary öwrüm etmek. Biziň ählimiz hem howlukmaç adamlar. Biziň ählimiz hem howlugyp, nobata garaşmaga wagtymyz ýok. Ýolda hem edil şolar ýaly. Hemmeleri seresaplylyk bilen sag tarapyndan aýlanyp, geçip, birinji bolup, öwrüm edip bolýan wagty, hemmeler bilen çep hatarda  öwrüme garaşyp durmak nämä gerek? Bu ýagdaýda  ýol hereketiniň birbada ençeme düzgüniniň bozulýandygy  bizi aladalanmaýar

 

Aralyk saklamazlyk

 

Dartgynly ulag akymy bolan iri şäherlerde aralyk saklamazlyk eýýäm ençeme wagtdan bäri adaty kada öwrüldi. Emma  bu  hili düzgün bozma üçin kesgitli jerime göz öňünde tutulandyr. Sürüjileriň aglabasy bolsa,  aralyk  saklamagyň  ýol hereketiniň kadalarynyň binýatlyk talaplarynyň biridiginden asla  habarsyzdyrlar.

 

Ýewropada aralygyň saklamazlygy üçin  ýörite adalga girizilendir- “teýlgeýting” (iňl.s-tailgating). Bu örän gödek düzgün bozma hasaplanylýar. Ýol hereketiniň  kada-kanunlaryny berk we berjaý etmek ýurdumyzyň abadançylygyny, asudalygyny şol sanda her bir adam üçin rahatlygyny kepillendirer.

 

Aýnur HUDAÝBERGENOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.