logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi
  03.09.2025
4927
Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

“Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen täze ýokary okuw jaýy 9 gatly baş binadan, 4 okuw binasyndan, 2 sany umumy ýaşaýyş jaýyndan, mejlisler zalyndan, kitaphanadan, naharhanadan, sport desgalaryndan ybaratdyr.

 

Okuw işi bakalawr we magistr derejelerinde, türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar. Maksatnama teoriýa bilen amalyýeti utgaşdyrýar, ýaşlara telekeçiligiň hukuk-esaslary, sanly tehnologiýalar we döwrebap işewürlik tejribeleri öwrediler.

 

Uniwersitetde 6 fakultet, 14 kafedra, 42 barlaghana döredilýär. Olaryň arasynda ykdysadyýet, sanly tehnologiýalar, binagärlik-gurluşyk, agrosenagatçylyk, daşary ýurt dilleri hem-de hünär kämilleşdiriş merkezi bar.

 

Belläp geçsek, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda degişli Permana gol çekipdi. Täze uniwersitet ýurduň ilkinji hususy ýokary okuw jaýy bolup, eksport kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýeti ösdürmekde we sanlylaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

 

Kakageldi AKMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.