logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşar
  06.09.2025
1555
Türkmenistan “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşar

2025-nji ýylyň 26–29-njy noýabry aralygynda Stambulyň “Istanbul Expo Center” merkezinde geçiriljek “Halal Expo 2025” halkara sergisine Türkmenistan milli pawilýony bilen gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar edildi.

 

Sergä ýurdumyzyň oba hojalyk, azyk, dokma we plastmassa önümçiliginde, şeýle-de ulag-logistika we syýahatçylyk pudaklarynda işleýän kärhanalary gatnaşar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara sergileriň ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekdäki ähmiýetini belläp, taýýarlanan teklibi makullady.

 

“Halal Expo 2025” Türkiýedäki iň iri halal senagaty sergisi bolup, her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan azyk, kosmetika, farmasewtika, moda we logistika ugurlarynda öndürijiler bilen paýlaýjylar şu ýerde duşuşýarlar.

 

Kakamyrat TÖRÄÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.