logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /“Ýylan” käninde 740 müň kubmetre deň bolan täze guýy açyldy
  06.05.2025
834
“Ýylan” käninde 740 müň kubmetre deň bolan täze guýy açyldy

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň burawçylary Mary welaýatyndaky Ýylan käninde ýerleşýän №03 belgili ulanyş-baha beriş guýusynda tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli akymyny alyp, buraw işlerini üstünlikli tamamladylar. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron neşiriniň sişenbe güni habar bermegine görä, bu guýudan bir gije-gündizde 740 müň kubmetre çenli tebigy gaz alnyp bilner.

 

Guýynyň umumy çuňlugy 2875 metre ýetýär. Gazyň güýçli akymy 2844 — 2847 metr aralygyndaky önüm gatlagyndan alyndy. Burawçylaryň alyp baran çylşyrymly işleri netijesinde kükürtsiz, ýokary hil derejesindäki gaz çykaryldy.

 

Hünärmenleriň bellemegine görä, bu ýerde gaz çykaryşynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegi onuň halkara bazarynda ykdysady taýdan bähbitli boljakdygyna esas döredýär.

 

Şeýle hem, ozal “Galkynyş” käninde bir gije-gündizde 2 million kubmetr gaz bermäge ukyply ýokary öndürijilikli guýy ulanylmaga tabşyryldy.