Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýurt ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagy
  06.03.2023
727
Ýurt ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň özi döwürlerdir nesilleriň dowamat-dowam bolýandygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýandygynyň aýdyň beýanydyr. Berkarar döwrümiziň ýyl ýazgysynda obasenagat toplumy hem möhüm başlangyçlary bilen orun alýar. Oba hojalyk pudagyny özgertmek hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» obasenagat toplumyny kämilleşdirmekde täzeçe çemeleşmäni alamatlandyrdy. Oba hojalygyny ykdysadyýetiň düşewüntli pudagyna öwürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylýar, bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işlere kuwwatly itergi berildi. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlaryň, dünýäniň iň gowy tejribeleriniň ornaşdyrylmagy esasynda bu pudakda guwandyryjy netijeleriň gazanylýandygyny buýsandyryjydyr. Obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçiliginiň meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalar satyn alynýar. Oba hojalyk ulgamyndaky işewürlige, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzyň önümleriniň eksportynyň möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleriniň işjeň goşulyşýandygy bellärliklidir. Halkara tejribä we döwrüň talaplaryna, milli aýratynlyklara laýyklykda, bu ulgamda täze guramaçylyk-hukuk usullarynyň ulanylmagy kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, täze tarp ýerleri özleşdirmek boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyrylyp, meliorasiýanyň öňdebaryjy usullary ulanylýar, öňdebaryjy tehnologiýalar, ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň ýerden peýdalanmagyň köpasyrlyk tejribesini, oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmak üçin ygtybarly esasa öwrülýär. 

 

Gaýgysyz ATAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.