logo

Latest news:
✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦ ✦ Gonkongda türkmen-hytaý atçylyk medeniýetine bagyşlanan sergi geçirildi ✦ ✦ Anadoluda gadymy siwilizasiýalaryň täze syrlary açylýar ✦ ✦ Porsche 100 göterim gaýtadan işlenen materially akkumulýator elementlerini synagdan geçirýär ✦
Home / Society /Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy
  27.09.2026
4
Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýy uludan bellenildi. Garaşsyzlyk — ol ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda beslän arzuwlarynyň, özbaşdak döwlet gurmak, öz ykbalyňy öz eliň bilen kesgitlemek hukuklarynyň dabaralanmasydyr. Otuz bäş ýyllyk taryhy ýol içinde Türkmenistan diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde parahatçylyk söýüji, durnukly ösýän we belent adamkärçilikli ýörelgelere wepaly döwlet hökmünde tanaldy. Bu şanly baýramçylyk mukaddes Watanymyzyň geçen taryhy ýoluna ser salmaga, gazanylan beýik üstünliklere guwanmaga mümkinçilik döredýär. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap ýurduň syýasy, ykdysady, medeni, jemgyýetçilik durmuşynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp başlandy. Milli kanunçylyk binýadyň döwrüň talabyna laýyk getirilmegi, jemgyýetde agzybirligiň, parahatçylygyň berkidilmegi berkarar döwletimiziň durnuklylygynyň esasy kepilidir. Milli Liderimiz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän oýlanyşykly işler ýurdumyzyň ösüşlerini şertlendirýär.

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleri hem düýpli ösdi. Ykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýän ýurdumyz durnukly ulag geçelgesi hökmünde-de tanalýar. Munuň özi, Türkmenistanyň  ykdysady bähbitlerini, mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.

 

Ykdysady üstünlikler bilen birlikde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hem döwlet syýasatynyň baş maksady bolmagynda galýar. Ýurt boýunça gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş merkezleri we medeniýet öýleri ilatyň aladasynyň döwlet derejesinde ilkinji orunda durýandygyny görkezýär. Aýratyn hem, ekologiýa taýdan arassa, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen «akylly» Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, milli gurluşyk we binagärlik mekdebiniň hem-de ykdysady kuwwatymyzyň ýeten belent sepgidiniň aýdyň nyşanydyr.

 

Aýzada AŞYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.