logo

Soňky täzelikler:
✦ Gahryman Arkadagymyz COP31-iň Liderler sammitine gatnaşdy ✦ ✦ COP31: Howanyň geljegi üçin dünýäni birleşdirýän maslahat ✦ ✦ COP31 maslahatynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmaklyga aýratyn üns berildi ✦ ✦ COP31 maslahatynyň çäklerinde Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek barada tematiki sessiýa geçirildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkezi Aşgabatda ýerleşer ✦ ✦ Antalýada dünýäniň ünsüni özüne çeken COP31 maslahaty öz işine başlady ✦ ✦ Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň esasy maksady ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /«Ýürek Gadamy»: çagalaryň irki ösüşinde bilim we tejribe alyşmagyň ähmiýeti
  26.10.2026
250
«Ýürek Gadamy»: çagalaryň irki ösüşinde bilim we tejribe alyşmagyň ähmiýeti

Çagalaryň gepleşik we aragatnaşyk ukyplaryny ösdürmekde sanly serişdelerden peýdalanmak, ene-atalary zerur maglumatlar bilen üpjün etmek hem-de hünärmenleriň tejribesini birleşdirmek möhüm ähmiýete eýedir. «Ýürek Gadamy» jemgyýetçilik taslamasy bu ugurlarda dürli başlangyçlary durmuşa geçirip, çagalary we olaryň maşgalalaryny goldamaga gönükdirilen işleri alyp barýar.

 

Taslamanyň esasy başlangyçlarynyň biri Türkmenistanda taýýarlanan «Gepleşik kartlary» mobil goşundysydyr. Ol çagalara gepleşik ukyplaryny ösdürmäge, öz isleglerini beýan etmäge, täze sözleri öwrenmäge we söz baýlygyny artdyrmaga kömek edýär. Goşundy gündelik durmuşda çagalar bilen aragatnaşyk saklamak üçin goşmaça serişde bolup, ene-atalar we hünärmenler tarapyndan hem peýdalanylyp bilner.

 

Çaganyň ösüşini goldamak diňe bir aýratyn serişdeleri ulanmak bilen çäklenmeýär. Ene-atalaryň degişli maglumatlara eýe bolmagy we zerur halatlarda hünärmenleriň maslahatlaryna ýüz tutmagy hem möhümdir. Şu maksat bilen taslamanyň çäklerinde psihologlaryň, logopedleriň, defektologlaryň we beýleki hünärmenleriň gatnaşmagynda okuw maslahatlary hem-de tejribe alyşmak duşuşyklary hem guralýar.

 

Şeýle çäreleriň hatarynda «Çaganyň irki ösüşinde ABA terapiýasynyň halkara tejribesiniň ähmiýeti» atly seminary we «Çaganyň irki ösüşinde gepleşik ukyplaryny ösdürmekde ene-atanyň orny» atly duşuşygy bellemek bolar. Olarda çagalaryň ösüşini goldamagyň usullary, halkara tejribesi we maşgalanyň bu işdäki orny barada pikir alşyldy. Hünärmenleriň özara tejribe alyşmagy ene-atalara has düşnükli we peýdaly maslahatlary ýetirmäge mümkinçilik döredýär.

 

Taslamanyň ýene bir ugry ene-atalaryň arasynda özara goldaw we maglumat alyşmak üçin şert döretmek bilen baglydyr. «Ýürek Gadamy» ene-atalar jemgyýetinde çagalaryň ösüşi baradaky makalalar, gollanmalar, hünärmenleriň maslahatlary we maşgalalaryň şahsy tejribeleri paýlaşylýar. Bu giňişlik ene-atalara özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça maglumat almaga we beýleki maşgalalaryň tejribeleri bilen tanyşmaga ýardam berýär.

 

«Ýürek Gadamy» geljekde sanly serişdelerini kämilleşdirmegi, ene-atalar jemgyýetini giňeltmegi hem-de bilim beriji çäreleriň gerimini ösdürmegi maksat edinýär. Taslamanyň alyp barýan işleri çagalaryň aýratynlyklaryna düşünmek, olaryň mümkinçiliklerini goldamak we maşgalalaryň ygtybarly maglumatlara elýeterliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr.