logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦
Home / Society /Ýurduň baş kanuny barada wagyz-nesihat
  21.05.2020
884
Ýurduň baş kanuny barada wagyz-nesihat

      Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň gurnamagynda Arçman şäherçe medeniýet öýünde etrabyň edara-kärhanlarynyň işgärleriniň arasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

      Bu maslahatda çykyş edenler “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň ýurdumyzyň syýasy – jemgyýetçilik durmuşynda örän ähmiýetli wakalara baý boljakdygyna häzirki wagtda amala aşyrylýän demokratik özgertmeler, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler hem-de 2020-nji ýylyň 29-njy ýanwary geçirlen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisi “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň kanun çykaryjy edarlarynyň iki palataly gurluşyny döretmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli wakalary we mejlisde garalan meseleler dogrusynda wagyz-nesihat işlerini ýaýbaňlandyrmaga aýratyn äh,iýet bermegiň zerurdygyna üns çekdiler.