Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy ösüşiň täze tapgyrynda
  12.04.2023
705
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy ösüşiň täze tapgyrynda

Häzirki wagtda uly ösüşlere eýe bolýan ýangyç-energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Pudakda ýylyň-ýylyna gazanylýan oňyn ösüşler ýurdumyzyň kuwwatynyň has hem artmagyna saldamly goşant goşýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz tebigy gazyň gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär we häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde «mawy ýangyjy» iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Özüniň geosyýasy taýadan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdelerine örän baýdygy netijesinde, ýurdumyz dürli ugurlar boýunça gazy eksport etmegi artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Muňa Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisi aýdyň subutnamadyr, ol sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi bermek bilen, ynsanperwer gatnaşyklaryň ilerlemegine ýardam berýär, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrar. Şeýle-de ençeme täze iş orunlary, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk hem-de beýleki düzümleri peýda bolýar. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleriniň öňünde pudagyň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek ýaly möhüm wezipeler durýar. Bu ugurda ýokary kuwwatlyklara eýe bolan desgalar toplumlary hereket edýär. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda bu ugry mundan beýläk-de ösdürmegiň degişli maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy. Geljegi uly ugurlaryň hatarynda polimer önümçiligi boýunça iri kärhanalary gurmak bellenilýär. Şundan ugur almak bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zowodynyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip düzüldi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bu pudagy ösdürmek boýunça wezipeler kesgitlenip, olar üstünlikli amal edilýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynda hem bu geljegi uly bolan pudagyň ösüşiniň taryhy, şu güni hem-de geljegi barada giňişleýin beýan edilip, bu pudaga ykdysadyýetimiziň möhüm ugry hökmünde garalýandygy aýratyn mazmun bilen açylyp görkezilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäklerinde täze uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, pudagyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we elektroenergetika degişli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýär. Şeýle asylly işler bolsa eziz Watanymyzyň ösüşleriň ýoly bilen batly öňe gitmegini şertlendirýär. 

 

Serdar ABDYJEPAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.