Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Ýurdumyzdaky gözel şaglawuklar
  20.02.2023
1599
Ýurdumyzdaky gözel şaglawuklar

Goşdemir şaglawugy — Sumbar derýasynyň ýokary akymyndaky iň ajaýyp tebigy ýadygärlikleriň biridir. Şaglawukda 4 sany basgançak bolup, olaryň aralygy 1-3 kilometr. Şaglawuk has gurak ýyllarda tomus düşmänkä guraýan hem bolsa, gyş, ýaz-ygal ýeterlik ýagýan wagtynda ýagyş suwy Goşdemriň aşakdan birinji — has uly basgançagynda kert daşyň üstünde 50 metre çenli ýaýrap, akýan suw güýçli şaggyldy bilen 15 metr beýiklikden dik aşak inýär. Akymyň tersine, egrem-bugram derýanyň içi bilen 1,5 kilometre golaý geçeniňden soň Goşdemriň ikinji basgançagy başlanýar. Şaglawuk döredýän ýylçyr kert basgançagyň beýikligi 5 metre, giňligi 25 metre çenli kiçelýär. Ondan ýokarlygyna — üçünji basgançaga gitdigiňçe suw kem-kemden azalýar. Goşdemriň üçünji basgançagynyň beýikligi 5 metre barabardyr, suwuň şaglawuk döredýän ýylçyr daşly ýeriniň ini bolsa 10 metr çemesidir. Dördünji, iň ýokardaky şaglawugyň ini welin, 2 metre hem ýetmeýär. 

Nohur şaglawugy — Türkmenistanda iň uly şaglawuk hasaplanylýar. Bu şaglawuk Bäherden etrabynyň Nohur obasynyň 7-8 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär. Bu şaglawugyň beýikligi 32 metre barabardyr. Oňa başgaça Hür-hüri şaglawugy hem diýilýär. Şaglawugyň gözbaşy dagyň ýarygyndan suwuň güwläp gaýdýan ýerinden 75-80 metr günortada ýerleşýär. Şaglawugyň daş-töweregi örän owadan, bu ýerde agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň dürli görnüşleri ösýär. 

Degirmenjik şaglawugy — Aşgabat şäheriniň günbatarynda Akdere obasyndan 8-9 kilometr günortada ýerleşýär. Şaglawuk Degirmendag atly gerşiň ugrunda ýerleşip, onuň beýikligi 10 metre ýetýär. Şaglawugyň guýýan ýerinde meýdany 15 inedördül metr bolan kiçiräk köl ýerleşýär. Degirmenjik şaglawugynyň töwerekleriniň tebigaty örän owadanlygy bilen özüne çekýär. Suwuň akymlaryndan emele gelen jaryň suwlary ekerançylyk üçin hem ulanylýar. Şaglawuga gumak ýol arkaly barmak bolýar. Bu ýere dynç almaga gelýän adamlaryň sany barha köpelýär. 

Umbardere şaglawugy — Köýtendagdaky Hojapil obasyndan 6-7 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýär. Ol öz gözbaşyny dagyň depesindäki ereýän garlardan we ýagyşlardan alýar. Şonuň üçin hem suw akymynyň güýji üýtgäp durýar. Şaglawugyň suwlary egrem-bugram jülgeden 400 metr uzynlykda akyp geçýär we Köýtendag derýasy bilen birigýär. Şaglawugyň beýikligi 27 metrden hem geçýär. Bu ýerler syýahatçylary gyzyklandyrýan täsin landşaft ýadygärliklerine degişli. Köýtendagda Umbardereden başga-da şaglawuklar bar, emma olar barmasy kyn ýerlerde ýerleşýär. 

 

Wepa AŞYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.