Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýurdumyzda Ýaşlar maslahaty dowam edýär
  13.09.2024
171
Ýurdumyzda Ýaşlar maslahaty dowam edýär

Şu gün 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda, Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň öňsyrasynda (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 29-nji mejlisiniň (COY29) öňüsyrasynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Ýaşlar maslahatynyň geçirildi.

 

Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, şeýle-de Azerbaýjan respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde gurnaldy.

 

Maslahata ýokary okuw jaýynyň talyplary, Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri, eko-aktiwistler, şeýle hem BMG-niň wekilhanasynyň guramalarynyň wekilleri, Azerbaýjan Respublikasynyň we Beýik Britaniýanyň ilçileri, Türkmenistanyň Daşary işler, bilim we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenlerini bir ýere jemledi. Olar ýaşlar bilen bilelikde häzirki daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşde, ýaşlaryň gatnaşmagyny göz öňünde tutmaga ajaýyp mümkinçilik berdi.

 

Salamlaşyk dabarasyndan soňra, maslahata gatnaşyjylar tematiki iş toparlara bölündiler. Toparlarda açylan temalaryň içine:

 

  • ulag-aragatnasyk pudagynyň klimatyň üýtgemegine ýetirýän täsiri; 
  • Arkadag şäheriň innowasion tehnologiýalary; 
  • ulag-aragatnasyk pudagynda durnukly ösüş tehnologiýalary we uglerod yzymyzy azalatmak üçin innowasion çözgütleri öz içine aldy.

 

Ekspertlar we Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri bilen bilelikde duşuşygyň maksatlaryny we garaşylýan netijelerini düşündirdiler. Her iş topary maksatlaryna esaslanyp öz tekliplerini taýýarladylar, we maslahatyň jemleýji bölüminde her iş toparyň ýolbasçylary tekliplerini hödürlediler. Bu teklipler, ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki goşandyny güýçlendirmeklige gönükdirilen geljekki başlangyçlar üçin esas döreder.

Baýnazar Muhammedow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby.

Şeýle-de okaň: 
Balkan welaýatynda ýaşlar maslahaty geçirildi

Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty geçirildi