Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty geçirildi
  12.09.2024
227
Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty geçirildi

9-njy sentýabrda Mary şäherindäki Türkmen döwlet energetika institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty (Local Conference of Youth on Climate Change, LCOY) geçirildi.

 

Maslahat “Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy çäreler” atly taslamasynyň çäklerinde Halkara Hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) gatnaşmagynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan guraldy. 

 

Maslahatyň işine ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Azerbaýjanyň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdy. Milli maslahatyň esasy wezipeleri howanyň üýtgemeginiň häzirki ýagdaýyny hem-de onuň Türkmenistana we tutuş dünýä täsir etmegini öwrenmekden, howanyň üýtgemeginiň dürli ugurlaryna bagyşlanan bilim sessiýalarynyň geçirilmeginden, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasy we Türkmenistanyň goşulyşan beýleki ylalaşyklary barada maglumat almakdan ybaratdyr. Mundan başga-da, Maslahat howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere ýaşlary işjeň çekmäge hem-de durnukly ösüş we howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça ýaşlaryň başlangyçlaryna we taslamalaryna goldaw bermäge gönükdirilendir.
 

Maslahata Türkmen döwlet energetika institutynyň talyplary, DÖM-niň ýaş ilçileri we ekologiýa meselesinde işjeň raýatlar, Daşary işler, Bilim, Daşky gurşawy goramak, Energetika ministrlikleriniň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri, Türkmenistanda diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

 

Çäräniň umumy mejlisinde GIZ/GCA Maksatnamasynyň direktory, doktor Karolina Milow energetika, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatynda dialogy ýola goýmaga hem-de Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde ýardam bermäge gönükdirilen “Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllara syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy çäreler" atly GIZ-niň täze taslamasy bilen tanyşdyrdy.
 

Maslahatyň işi dört ugurda aşakdaky mowzuklar boýunça dowam etdirildi:

  • energetika pudagynyň howa täsir etmegini peseltmek;
  • jemgyýetiň habarlylygy energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmelerini we energiýa üpjünçiligini ulanmagyň artykmaçlyklaryny öňe sürmekde esasy faktor hökmünde;
  • durnukly energiýa üpjünçiligi üçin innowasiýa çözgütleri;
  • gün we ýel energiýasyny ösdürmek mümkinçilikleri.

 

Kiçi iş toparlarda gatnaşyjylar energiýa ulanylyşynyñ netijeliligini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalar, arassa energiýa çeşmelerine geçmekligi we ekologiýa yzyny pese düşürmekde standartlaryň girizilmegi hem-de energiýanyň täzeden dikledilýän çeşmeleri babatynda Türkmeinstanyň mümkinçilikleri baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Nowruz Töräýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.