Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bilim ulgamynyň ösüşi: mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy ✦ ✦ Merkezi Aziýada ylmy hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: mümkinçilikler we strategik ugurlar ✦ ✦ Aşgabatda uly futbol güni: "Arkadag" bilen "Al-Nassr" şu gün Olimpiýa stadionynda duşuşýar ✦ ✦ Türkmenistanyň ylmy kartografiýasy: giňişligi ölçemekden - ylmy garaýyşa çenli ✦ ✦ EKSPORT — Global bazara ýol ✦ ✦ Garagum çöli: ylmy barlaglar we durnukly ösüş mümkinçilikleri ✦ ✦ Emeli aňyň adamzadyň durmuşyna täsiri: peýdasy we töwekgelçilikleri ✦ ✦ "Bedew bady: güýç hem gözellik" atly döwletara bäsleşigi GDA gatnaşyjy ýutlaryň arasynda, yglan edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç hatyny iberdi ✦ ✦ Onlaýn söwda dünýäni nähili derejede üýtgedýär? ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýurdumyzda azyk bolçulygy
  07.04.2020
717
Ýurdumyzda azyk bolçulygy

      Watanymyzy ak ertirler bilen merdana röwşen geljegimize tarap bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar türkmen halky asuda parahat abadan durmuşda ýaşaýarlar. Täze ösüşler, beýik özgertmeler, netijeli başlangyçlar bilen bütin dünýäde abraý mertebä eýe bolan Türkmenistan döwletimizde il-ýurt bähbitli bütindünýä ähmiýetli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz ösýär, özgerýär. Şol sanda ýurdymyzyň telekeçilik ulgamynda hem uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz “Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr” diýip örän ýerlikli belläp geçýär. Hakykatda hem, ýurdumyzda telekeçilere telekeçilik işi bilen meşgullanmaklyga uly mümkinçilikler döredilýär. Çünki, Gahryman Arkadagymyz türkmen telekeçilerinden edýän talabyda halkymyza eksport ugurly dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümler bilen üpjin etmekden ybarat bolup durýar.

       Ak bugdaý etrabynyň senagat zolaklarynda açylyp ulanylmaga berlen “Bagtly zamana” hojalyk jemgyýetine degişli bolan kir ýuwuwjy serişdelerini öndürýän kärhananyň, “Täç hil” hojalyk jemgyýetine degişli bolan polietilen paketleri we çygly süpürijileri öndürýän kärhananyň, “Jeýhun” hojalyk jemgyýetine degişli bolan elektrik simlerini we kabellerini öndüýän kärhananyň, şeýle-de “Nurana türkmen” hojalyk jemgyýetine degişli bolan mebel öndürýän kärhananyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda telekeçilige uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Elbetde, telekeçilik döredijilikli işlemegi talap edýär. Telekeçilik pudagynyň iň bir öndürijilikli hereket edýän pudaklarynyň biri hem ýyladyşhana toplumlarydyr. Häzirki wagtda Ak bugdaý etrabynda açylyp ulanylmaga berlen birnäçe ýyladyşhanalar toplumy hereket edýär. Şolaryň biri hem Ak bugdaý etrabynyň Bugdaýly daýhan birleşiginde ýerleşýän telekeçi Wepa Begenjowiç Akmyradowa degişli bolan ýyladyşhana toplumydyr. Bu ýyladyşhana 2016-njy ýyldan bäri hereket edip, onda birnäçe ýaşlarmyza iş üpjünçiligi döredilen. Umumy tutýan meýdany 20 gektara barabar bolan bu ýyladyşhana toplumynda saçaklarymyzyň bezegi bolan pomidor, hyýar, we beýleki gök önümler ösdürilip ýetişdirilýär we ýurdumyzyň ak bazaryny ter we gök-önümleri bilen üpjin edilişine özüniň uly täsirini ýetirýär. Türkmen telekeçileriniň alyp barýan şeýle beýik işleri bolsa elbetde ýurdumyzyň ykdysady hereketlendiriji güýjüniň has-da ösmegine, ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmegine özüniň uly täsirini ýetirýär.