logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Culture /ÝUNESKO guramasy bilen hyzmatdaşlyk rowaçlanýar
  04.05.2023
795
ÝUNESKO guramasy bilen hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli bilim ulgamynyň ösdürilmegi babatda netijeli işler ýola goýulýar. Muňa eziz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň hem klublarynyň açylmagy aýdyň mysaldyr. ÝUNESKO kafedralarynyň Bütindünýä Maksatnamasy 1991-nji ýylda döredilip, onuň esasy maksady ylymda, bilimde we medeniýetde öňdebaryjy netijeleri gazanmakdan, ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek we dünýä we döwlet derejesinde ýokary okuw jaýlarynyň hyzmatdaşlyk toruny döretmekden ybaratdyr. Bu kafedralar ylym-bilim hem medeniýet babatda halkara derejesinde özara gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly çäreleri öňe sürýärler. ÝUNESKO kafedralary dünýä ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli ylmy arabaglanyşygy üpjün edýär. Şeýle hem, 1994-nji ýylda Türkmenistan ýurdumyz ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşulyp, şondan soňra ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna 1999-njy ýylda ýurdumyzyň çäginden «Gadymy Merw» medeni-taryhy goraghanasy, 2005-nji ýylda «Köneürgenç», 2007-nji ýylda «Nusaýyň Parfiýa galalary», şeýle-de 2015-nji ýylda «Görogly» şadessany, 2017-nji ýylda türkmen milli aýdym-tans sungaty hökmünde «Küştdepdi tansy», 2019-njy ýylda Türkmen milli halyçylyk sungaty, 2021-nji ýylda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», 2022-nji ýylda bolsa Keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, Ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny we Türkmen Alabaýlary ýetişdirmek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler hem alnyp barylýar. Munuň özi, dünýä halklarynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, dili şeýle-de medeni gymmatlyklary, binägärlik sungaty we başga-da birnäçe aýratynlyklary bilen içgin tanyşmaklyga uly ýardam berýär. Şeýle asylly işleriň ählisi bolsa mähriban halkymyzyň baý medeni mirasynyň, milli gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem belende galmagyna şert döredýär. 

 

Komila MATNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.