Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýöriteleşdirilen ykdysady sergide Eýrandan getirilen Türkmen halylary görkezildi
  18.02.2023
947
Ýöriteleşdirilen ykdysady sergide Eýrandan getirilen Türkmen halylary görkezildi

Türkmen halylary Eýranyň serhetýaka Gülüstan welaýatynyň Kümmethowuz şäherinden telekeçi Pygamberguly Saadat Nežat Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine getiripdir. Bu welaýatda türkmenler ýaşaýarlar we ol ýerde beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň hem-de onuň kakasy nusgawy şahyr Döwletmämmet Azadynyň aramgähi bar. Telekeçi halyçylyk bilen çagalykdan tanyşdygyny – olaryň öýlerinde-de, goňşularynda-da haly dokalýandygyny aýtdy. Ol indi 38 ýyl bäri üstünlikli iş alyp barýar.

Ol sergä adaty türkmen halylaryndan başga-da, dürli nagyşly ikitaraplaýyn ýüpek halylaryny-da getiripdir. Ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin enjamdyr tehnika nusgalary we modellerini öz içine alýan pawilýonlaryň, senagat we sarp ediş harytlary bilen bezelen diwarlyklaryň arasynda bu halylar ýüpek parlaklygy we reňkleriň öwüşgini bilen myhmanlaryň nazaryny halys gözellik we amatly rahatlyk dünýäsine çagyrýan ýaly, özüne çekýär.

«Türkmen Saadät» eýran kompaniýasynyň önümleri wekilleriniň üsti bilen dürli welaýatlaryň uly şäherlerinde, diňe bir Eýranda satylmak bilen çäklenmän, eýsem ýurt daşynda-da halanýar. Telekeçiniň aýtmagyna görä, Eýranda öndürilen türkmen halylary Ýaponiýa, Germaniýa, Italiýa ýaly ýurtlara ugradylýar we ol ýurtlarda kaşaň, del el işlerine gadyr goýýanlaryň arasynda uly isleg bildirilýär.

Pygamberguly her ýyl geçirilýän milli baýramçylyga – Türkmen halysynyň baýramyna, muzeý sergilerine gatnaşmak üçin, birnäçe gezek Türkmenistana gelipdir we birnäçe diplom alypdyr. Bu saparlaryň dowamynda türkmen telekeçileri bilen işewür gatnaşyklar ýola goýlupdyr. 

 

Myrat NOWRUZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.