logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýokary hilli ýüplükler
  16.07.2021
699
Ýokary hilli ýüplükler

    Ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň düzüm bölegine öwrülen Tejen şäherinde ýerleşýän S.Demrel adyndaky pagta egirme fabriginiň işçi-hünärmenleri uly joşgun, belent maksatlary bilen “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň her gününi täze zähmet netijelerine besleýärler. Bu fabrikde innowasion işläp taýýarlamalar we ýokary tehnologiýalara daýanmak, ýokary öndürijilikli enjamlardan ygtybarly peýdalanmagyň netijesinde, ýokary hilli nah ýüplükler öndürilýär. Fabrigiň işgärleri gije-gündiziň dowamynda meýilleşdirilen çalşyk boýunça hereket edýärler. Bu fabrigiň ýyllyk kuwwatlylygy ýylyň dowamynda 5000 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürmäge niýetlenendir.

    Fabrigiň işgärleriniň aglaba bölegini kalby hyjuwly ýaşlar düzýär. Kärhanada öndürilýän önümiň hil meselesi hemişe üns merkezinde saklanylýar. Zähmet çekýän hünärmenleriň tagallasy bilen öndürilýän önümler diňe bir ýurdymyzyň dokma kärhanalaryna däl-de, eýsem, Türkiýe we Russiýa ýaly döwletleriň dokma senagat işgärleri has hem uly isleg bildirýärler.

   Olar ýerine ýetirýän işleriniň hiline aýratyn üns bermek bilen jemgyýetçilik guramalarynyň geçirýän bäsleşikleriniň ýeňijileri bolýarlar. Munuň özi bolsa gündelik öndürilýän önümleriniň has-da artmagyna getirýär.