logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýokanç kesellere garşy sanjymlaryň ähmiýeti
  28.12.2019
1461
Ýokanç kesellere garşy sanjymlaryň ähmiýeti

   Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet Maksatnamasyny, “Türkmenistanda 2003-2020-nji ýyla çenli döwür üçin Immuno-öňüni alyş” Milli Maksatnamasyny durmuşa geçirmek hem-de immuno-öňüni alyş işleri kämilleşdirmek maksady bilen, çagalaryň 2-3 günlikden tä 25-ýaşa çenli ýokanç keseller garşy sanjymlar geçirilýär.

   Biziň ýurdumyzda wirusly gepatit keseliniň “B” görnüşine garşy, poliomiýelit, inçekesel, pnewmokokk, rotawirus ýokanjyna garşy, gökbogma, difteriýa, bürme, Hib ýokançlaryna garşy, gyzamyk, gyzylja, hapgyrtma, wirusly gepatit “A”, adamyň papilloma wirusyň döredýän howply döremelerine garşy sanjymlar geçirilýär. 

   Bu sanjymlar Hormatly Prezidentimiz G.Berdimuhammedowyň tagallasy bilen, ýurdumyz ýokary hilli waksinalar bilen üpjün edilýär we sanjymlar mugt geçirilýär.

    Bu sanjymlar agyr ýokanç kesellerden adamyň ömrüniň dowamynda goramaklyga ýardam edýär.

    Bu sanjymlar tassyklanan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryň tertibine goşulan. Mundan başga-da her ýylda gyş möwsüminiň gelmegi bilen, ilatyň arasynda dümew keseline garşy sanjymlar ýerine ýetirilýär.