logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Sport /Ynsan saglygy hakynda alada
  31.03.2020
1030
Ynsan saglygy hakynda alada

     Ýurdumyzyň “Döwlet adam üçindir” ýörelgesine bu gün Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň saglyk ulgamynyň işgärleri hem eýerýärler. Olar hemişe etrabyň çägindäki oba Geňeşlikleriniň ýaşaýjylarynyň aralarynda bolup, olaryň saglyk ýagdaýlary bilen içgin gyzyklanýarlar. Zähmet adamlarynyň arasynda, ekerançylyk meýdanlarynyň iş üstünde lukmançylyk hyzmatlaryny guraýarlar. Muňa kärendeçi gallaçylardyr, pagtaçy kärendeçiler, kärendeçi çopanlar we dürli ugurlar boýunça zähmet çekýän gök-ekerançylardyr özleri hakyndaky edilýän bu aladalaryna buýsanýarlar, guwanýarlar.

      Şu günki-günde etrabynyň çäginde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bolan oba saglyk öýleriniň 12-i, saglyk merkezleriniň 14-i we 1 sany merkezi hassahana oba zähmetkeşlerine hyzmat edýär.