logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym – kämilligiň gözbaşy
  21.10.2022
1111
Ylym – kämilligiň gözbaşy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar döwrüň belent sepgitlerinden, täze ýeňişlerinden ruhlanyp, kämil bilim alýan ýaşlar bu gün uly bagta eýe. Bu bagt ýaş nesilleriň kalbynda belent mukam, çäksiz alkyş bolup joş alýar. Ýurdumyzyň nurana geljegi, kuwwatly daýanjy bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, kämil hünärli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda döwletimiz tarapyndan oňyn başlangyçlar öňe sürülýär. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesilleriň hünär ussatlygyny artdyrmak, türkmen ylmyny ösdürmek döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan oňyn syýasatyň özenini düzýär. Jemgyýetiň ösüşi kämil ylmy döretmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwrüň talaby bolan sanly ulgamy çalt depginde ähli ugurlara ornaşdyrmaklyk ylmy ösdürmegiň esasy guralydyr. Tehnologiýalaryň ösen döwründe ylmy-bilim ulgamy hem döwür bilen aýakdaş rowaçlyga galkynýar. Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň hilini ýokarlandyrmak arkaly okatmagyň usulyýeti has-da kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna deň laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi açylýar. Bu kämil hem döwrebap bilim desgalary, ylymly nesilleri, kämil hünärmenleri taýýarlamakda möhüm görkeziji bolup çykyş edýär. Ylym-bilimi özgertmegiň maksadalaýyk durmuşa geçirilmegi ony täze hil derejä çykarýar.

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz bilim ulgamyny ösdürmek, ylmy kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolup, şol ýerdäki ýokary okuw mekdepleriniň bagtyýar talyp ýaşlary we professor-mugallymlary bilen didarlaşyp, olara özleriniň gymmatly nesihatlaryny, döwletli maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini berýärler. Bu bolsa biz ýaşlary geljekde has hem yhlasly okamaklyga, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmeklige ruhlandyrýar. Bilim ulgamynyň has hem döwrebaplaşdyrylmagy, türkmen ylmynyň dünýä bilen aýakdaş gitmegi ugrunda netijeli işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Ramazan NURÝAGDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.