Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym-bilim ulgamyndaky ösüşler rowaçlanýar
  21.01.2023
924
Ylym-bilim ulgamyndaky ösüşler rowaçlanýar

Bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çünki bu ulgamda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli kämil hünärmenler kemala getirilýär. Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat-tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarýan kämil bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny, maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga dahylly işler ýola goýulýar. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmaklyga uly ähmiýet berilýär. Häzirki zaman kompýuter ulgamy we aragatnaşyk serişdeleri yzygider kämilleşdirilýär, önümçilik awtomatlaşdyrylyp, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar. Eziz Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri, ussat türgenleri taýýarlamak maksady bilen hem netijeli başlangyçlar alnyp barylýar. Bilim edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap kitaphanalary gurmak arkaly ýokary bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak boýunça çäreler giň gerime eýe bolýar. Öwredilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek hakyndaky işler bu ugurda nobatdaky möhüm ädimdir. Bu asylly işler halkara hyzmatdaşlygyň çägini işjeň giňeltmek we ýaş nesillere dünýä dillerini has hem çuňlaşdyryp öwretmäge ýol açýar.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýokary dünýä derejesine çykmagy möhüm wezipeleri öňde goýýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze bilim binalarynyň gurulmagyna, onuň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterliligiň üpjün edilmegine esaslanandyr.

Arkadagly Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegi täzeçe pikirli, bilimli ýaşlary kemala getirmäge we şonuň netijesinde, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga şert döredýär.

 

Gülaýym SAPAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.