Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym-bilim ulgamynda täze tehnologiýalardan ýeňillikli peýdalanmak
  04.05.2023
1099
Ylym-bilim ulgamynda täze tehnologiýalardan ýeňillikli peýdalanmak

      Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýleki pudaklar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem uly işler durmuşa geçirilýär.

     Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda talyplara döwrebap bilim bermek boýunça edilýän ýokary talaplar doly berjaý edilýär. Institutymyzda döwrebap enjamlardan ýeňillikli peýdalanmak, şeýle hem görkezme esbaplardyr maketlerden doly peýdalanylýar. Interaktiw tagtada sapak geçmek, bu tagtada berilýän sapagy animasiýanyň kömegi bilen mehanizmleriň edýän hereketlerini, olaryň tizlikleriniň we tizlenmeleriniň gurluşyny interaktiw tagtada hereketleriň üsti bilen görkezmeklige doly mümkinçilik bar. Interaktiw tagtada sapak guramak häzirki wagtda dünýäniň iň döwrebap okuw usuly hasaplanylýar.

    Ýörite maksatnama boýunça taýýarlanan sapaklar, olara degişli görkezme esbaplardyr beýleki zerur zatlar kompýuterlere girizilýär. Şeýle hem şol görkezme esbaplary dürli reňklerde talyplaryň dykgatyna ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Gerek halatynda olarda dürli sesleri hem goýup bolýar. Islendik sapagyň geçirilişini diňe ýönekeý görkezme esbap hökmünde däl-de, olary janly hereketdäki ýaly görüp bolýar.

    Interaktiw tagtada sapak bermek häzirki zaman ösen tehnologiýalary bilen okuw geçmekligi täzeçe gurnamakdan ybaratdyr. Şeýle-de bu tagtada toparlaýyn, köpçülikleýin okuwlary amatly usulda öwreniji bilen öwredijiniň arasynda işjeň, gyzykly gatnaşygy ýola goýmakdyr. Ol kompýuteriň kömegi bilen uly elektron tagtanyň  ýüzünde özüne çekiji, täsirli, ýokary döredijilikli okuw sapaklaryny gurnamakdyr.

   Ýurdumyzda kabul edilen Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda her ýylyň 12-nji iýuny «Ylymlar güni» diýlip bellenilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda Ylymlar gününiň bellenilmegi ýaşlarymyzda ertirki güne bolan ynamy artdyrýar, şu güne buýsanç döredýär we olary gujur-gaýratly işlemäge ruhlandyrýar.

     Türkmenistan ykdysadyýetiň, syýasatyň, bilimiň, ylmyň we medeniýetiň dürli ugurlary boýunça halkara ylmy maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde biziň ýurdumyz ähli ugurlar boýunça daşary ýurt döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň  ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ylmy-barlag edaralaryň ylmy işgärleri ylym we bilim meseleleri boýunça özara tejribe alyşmak üçin daşary ýurt döwletlerinde iş saparynda bolýarlar.

    Hormatly Prezidentimiz ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berýär. Ýaş talyplar we ylmy işgärler ýurdumyzda geçirilýän ylmy maslahatlara we bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar. Şular ýaly çäreleriň amala aşyrylmagy ylmy gözlegleriň, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn geçirmegiň we olaryň netijelerini ýurduň halk hojalygyna ornaşdyrmagyň çäklerini giňeltmäge, milli ylmy has ýokary sepgitlere çykarmaga, onuň öňki şöhratyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa geljekde berkarar döwletimiziň tehniki-ykdysady kuwwatyny ýokary götermäge, halkyň medeni derejesini we maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga ýardam edýär.

Biz, bagtyýar döwrüň bagtly ýaşlary hem, bilim ulgamynda şeýle asylly başlangyçlary, döwletli tutumlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il bähbitli işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris! 

 

Wahyt  ÇOPANOW,

Türkmenistanyň Döwlet Energetika 
institutynyň  mugallymy.