Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň baş maksady giň dünýägaraýyşly, bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybarat bolup durýar. Şu maksady iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň ýokary derejede guralmagyny talap edýär. Bu wezipeleri amal etmekde mugallymlara uly jogapkärçilik degişlidir. Ýurdumyzyň bilim ulgamyna öňdebaryjy usullar ornaşdyryldy we iň kämil enjamlar bilen üpjün edildi.
Ýaşlaryň bilimine, terbiýesine aýratyn üns berilýän döwürde olaryň oňat bilim almaklary üçin zerur şertleriň ählisi döredilýär. Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly- bilimli, saýlan hünärleriniň eýesi bolmagy, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik ýaly ýagşy häsiýetlerde terbiýelenmegi baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmelerimiziň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesindäki üns-aladasy arkaly bagtyýarlyk döwrümiziň nesil terbiýesini belent derejelere ýetirmegi we ony baş wezipe edip goýmagy ýaşlarda ruhy- ahlak kämilligi ýüze çykarýar. Ýurdumyzyň ähli okuw jaýlarynda bilim-terbiýe alýan ýaşlara dünýä dilleri içgin öwredilýär.
Milli bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini okatmagyň usullaryndan peýdalanyp, bu dilleri ýaşlara çuňňur öwretmekde döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman täze usullaryndan, tehnologiýalaryndan, ýöriteleşdirilen tehniki we multimedia serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça wezipeler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda multimedia, interaktiw tehnologiýalar mekdep durmuşyna berk ornaşdy. Maglumat tehnologiýalary boýunça amaly endikleri bolan her bir mugallym olary özüniň gündelik işinde peýdalanýar. Tema düşündirilende, amaly sapaklarda, özbaşdak işlerde, test geçirilende multimedia ulgamyndan peýdalanmak gowy netijeleri almaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň dil öwretmegine bolan talap güýçlenýär. Okatmagyň häzirki zaman usulyýeti okuw işlerinde sanly ulgamdan döredijilikli peýdalanmagy talap edýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna » laýyklykda, iňlis dilini okatmagyň amaly we nazaryýet esaslaryny özleşdirip, olardan netijeli peýdalanmakda, ýaş nesliň işjeňligini artdyrmakda, okuw işiniň depginini ýokarlandyrmakda, ýokary okuw mekdeplerinde bilim berlişiniň hilini gowulandyrmakda aýratyn tagalla edilýär.
Dil öwrenmek, esasan hem, daşary ýurt dillerini öwrenmek adamynyň dünýägaraýşyny ösdürýär, pikirlenişini has-da baýlaşdyrýar. Dilçi alymlaryň bellemegine görä, dil öwrenmek ynsanyň aň-düşünjesini ösdürýär hem-de sözleýiş ukybyny kämilleşdirýär. Munuň özi ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmegiň örän ähmiýetlidigini beýan edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda dünýä dilleriniň birnäçesini öwrenmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Şonuň netijesinde häzir iňlis, rus, ýapon, hytaý, koreý, nemes we başga-da birnäçe diller öwrenilýär. Bu bolsa talyplaryň dürli halklaryň dillerini öwrenmegine, ylmy garaýyşlary beýan etmegine we terjime sözlükleri taýýarlamagyna mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda ylym-bilimiň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Selbi ROZYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.