Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym bilen hyjuwlanýar göwünler
  13.12.2022
654
Ylym bilen hyjuwlanýar göwünler

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş ne­sil­ler aý­ra­tyn ala­da bi­len gur­şal­ýar. Ösüp gel­ýän ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim-ter­bi­ýe al­ma­gy üçin bi­lim ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri ön­jeý­li zäh­met çek­ýär­ler.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň mil­li bi­lim ul­ga­my­ny ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çy­kar­mak bo­ýun­ça ba­şy­ny baş­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri­niň Arkadagly Serdarymyz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­my has-da kä­mil­leş­di­ril­di. Aý­ra­tyn-da, bu ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne, şeý­le-de «Türk­me­nis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, bi­lim ul­ga­myn­da hem san­ly ul­ga­myň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär, tä­ze hü­när­ler gi­ri­zil­ýär, hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär, döw­re­bap okuw me­ýil­na­ma­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar. Döw­le­ti­miz­de san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek, bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny ýo­ka­ry hil­li elekt­ron bi­lim mag­lu­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mek, bi­lim eda­ra­la­ryn­da be­ril­ýän bi­li­miň maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­mak, şeý­le hem okat­ma­gyň hi­li­niň dün­ýä de­re­je­si­ne la­ýyk gel­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da art­ma­gy köp de­re­je­de ýur­duň bi­lim ul­ga­my­nyň bin­ýa­dy­nyň berk bol­ma­gy­na, ýaş­la­ry­my­zy giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, dü­şün­je­li, ru­hu­be­lent hem-de me­de­ni­ýet­li edip ke­ma­la ge­tir­mek işi­ne bag­ly bo­lup dur­ýar. Is­len­dik önüm­çi­lik pu­da­gy­nyň ýo­ka­ry dep­gin­dä­ki ösü­şi yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­nyň, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän kä­mil teh­ni­ka­la­ryň önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ry­ly­şy­na we ola­ry do­lan­dyr­ma­gy ba­şar­ýan ýaş­la­ra bag­ly bo­lup dur­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň VII gu­rul­ta­ýyn­da eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­da: «Ýaş­la­ry­my­zyň ru­hy-ah­lak, me­de­ni, aň-bi­lim we be­den taý­dan ösü­şi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Çün­ki ylym­ly-bi­lim­li, sag­dyn ýaş­lar döw­le­ti­mi­ziň kuw­wat­ly güý­jü­dir, nu­ra­na gel­je­gi­dir» di­ýip nyg­ta­dy. Ýur­du­myz­da san­ly bi­lim ul­ga­my­na uly orun ber­lip, ýaş­la­ryň san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­ma­gy üçin bi­lim ojak­la­ry komp­ýu­ter­ler, kä­mil teh­ni­ki se­riş­de­ler bi­len üp­jün edil­ýär. 

 

Aýbek TAJYÝEW, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.