Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym - beýik ösüşleriň binýady
  18.11.2022
521
Ylym - beýik ösüşleriň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda halkymyzyň abadan, asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen dürli maksatnamalar kabul edilýär we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Geçirilýän şol işleriň netijesinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Türkmen jemgyýeti ähli ugurlar boýunça batly gadamlar bilen ösýär, kämilleşýär. Bu bolsa, öz gezeginde, döwrebap ylymly-bilimli, ösen düşünjeli, iň täze tehnologiýalardan baş çykarýan kämil şahsyýetiň kemala gelmegini üpjün edýän şertleriň döredilmegini talap edýär. Hut şu maksat bilen ýurdumyzda ähli ugurlarda sanly ulgamyň ösdürilmegi babatda aýratyn alada edilýändigini bellemek gerek.

Häzirki döwürde ylym esasy ugurlaryň biri bolup, oňa ösüşleriň binýady hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem ylym-bilimli kämil hünärmenleri ýetişdirmek bu günki günüň esasy wezipesidir. Ýaş hünärmenleriň ylymly, giň dünýägaraýyşly bolmagy ösüşiň täze mümkinçiliklerini kemala getirýär. Şoňa görä-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ylym-bilime uly üns berilýär, ýaş hünärmenleriň ylymly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde Diýarymyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, dünýäde ylmyň soňky gazananlary esasynda döredilen innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda bu ugurlarda düýpli işler ýola goýulýar. Ýokary okuw we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde okadylýan derslerde innowasiýa, sanly bilim ugurlarynyň girizilmegi, umumybilim berýän orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim-terbiýe alýan ýaş nesillerde döwrebap tehnikadan we tehnologiýalardan peýdalanmak başarnyklaryny kemala getirmegiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň innowasiýalar ýurduna öwrülýändigini aýtmaga doly esas döredýär.

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny hemme taraplaýyn ösdürip, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn! 

 

Bagtygül BABAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.