Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary ✦ ✦ Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär ✦ ✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara tejribe alyşmak maksady bilen okuw seminary guraldy ✦ ✦ Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni dabaraly bellenildi ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Emeli aň bilen milli ykdysady howpsuzlyk pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwy geçirildi ✦ ✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylmy-amaly maslahatda ekologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
  03.06.2025
1071
Ylmy-amaly maslahatda ekologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2-nji iýunda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlary, aspirantlary, ýaş alymlary hem-de talyplar gatnaşdy.

 

«Ekologiýa medeniýeti – durnukly ösüşiň esasy» ady bilen geçirilen forum Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlandy. Maslahatyň dowamynda ekologiýa medeniýetini ösdürmek, ekologiýa bilimini kämilleşdirmek, ýaşlary terbiýelemekde ekologiýanyň orny, daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada çykyşlar diňlenildi.

 

Maslahat öz işini birnäçe ugurlar boýunça dowam etdirdi. Şolaryň hatarynda «Ekologiýa syýasaty – durnukly ösüşiň girewi», «Ylymda, bilimde we ýaşlary terbiýelemekde ekologik mümkinçilikleriň orny», «Ekologiýa howpsuzlygynyň ýörelgeleri – döwrüň möhüm talaby», şeýle hem «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny» atly temalar bilen baglanyşykly çykyşlar boldy.

 

Çykyş edenler ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde bilim we ylym ulgamynyň möhüm roluna ünsi çekdiler. Hususan-da, ýokary okuw mekdeplerinde ekologik hünärmenleriň taýýarlanylmagy hem-de ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagy bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir. Uniwersitetiň oba hojalygynyň ekologiýasy fakultetinde hem-de ekologiýa kafedrasynda daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meseleleriň ylmy taýdan öwrenilýändigi we bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy bellenildi.

 

Türkmenistanda daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, olaryň tebigy ýagdaýyny gorap saklamak we geljekki nesiller üçin baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerimlidir. Bu ugurda «Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýasy», «2021–2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Aral boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin milli maksatnama» ýaly resminamalar bu tagallalaryň esasy ugruny görkezýär.

 

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bag ekmek, tebigy baýlyklary gorap saklamak we artdyrmak bilen baglanyşykly çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini bellediler. Şeýle giň möçberli işler ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine we durnukly ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilendir.