logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Economics /Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi
  08.10.2025
486
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 29–30-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen–wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we işewürler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giň toplumy girizildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek we bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Mejlisde oba hojalygy, azyk senagaty, suw serişdelerini dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we derman senagaty ýaly möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösüşi maslahatlaşyldy. Şeýle hem ylym, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça pikir alşyldy.

 

Duşuşykda taraplar yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdylar. Şeýle hem mejlisde gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

 

Mejlisiň ahyrynda altynjy mejlisiň Teswirnamasyna gol çekildi, şeýle hem toparyň ýedinji mejlisini Budapeşt şäherinde geçirmek barada ylalaşyga gelindi.

 

Selbi HOJALYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.