Her bir ýurt dünýäniň ýüzünde özüniň bazary bilen tanalýar. Şol ýurdyň bazary üpjün bolsa, ýurdyň bolelinliginden habar berýär. Häzirki wagtda ýurdymyzyň ähli künjeginde halk köpçüligine hyzmat etýän bazarlarda ýylyň dört paslynda hem gök önimleri elýeterli bahadan satyn almak mümkinçiligi bar. Ýörüte ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän gök önümler öz ýurdymyzda ýetişdirlip halk köpçüligine hödürlenýär. Mawy altyn, gara altyn ak altynly türkmen halkynyň şeýe bereketli baý topragy bar. Bu topraga atylan her bir däne müň bolup yzyna gaýdyp gelýär. Bü günki gün ene topragyň eçilen hasyly diňe bir içerki bazarlarda däl, dünýä bazarlarynda hem özüniň mynasyp ornyny tapdy.Jeýhunyň, Garagym derýasynyň lummurdap akýan suwyndan, daýhan yhlasyny garyp ezber babadaýhanlarymyz pagta taýynlamak baradaky şertnamalaýyn borçlaryny üstinlikli ýerne ýetirdiler. Biziň ýurdymyzda halal zähmet çekip, yhlasyň hözürini görmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Şeýle işleriň sakasynda-da Hormatly Prezidentimiziň halkym diýip gijesini gündiz edip çekýän zähmeti ýatyr. Bellenilişi ýaly milli Lidermiziň ýolbaşçylygynda ýurdymyzda giň möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň baş maksady halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekden Watanmyzyň gülläp ösüşüniň ygtybarly binýadyny berkitmekden ybaratdyr. Edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 50müň tonnadan gowrak “ak altynyň” harmanyny tabşyrdylar. Ynha şu günki günlerde hem ýekeje hana pagtany yrýa etmezlik üçin ýetişdirilen hasylyň hemmesini ýygnap almak ugrynda zähmet depginlerini peseldilmän işlenilýär. Bol hasyl almak üçin owal başdan saýlama tohumlar saýlanyp alynýar. Topraga atylan her bir däne ak günleriň buşlykçysy kimin iki gulajyk bolup gögeren gününden başlap daýhanyň howalasy göterilýär. Mundan soň el güýjinden daşy tehnikalardan peýdalanylýar. Ekiş ekmek üçin, sürüm geçmek üçin, dökin dökmek üçin, hasyl ýygnamak we ýygnalan hasyly Watan harmanyna daşamak üçin gerek bolan ähli tehnikalar ýurdymyzyň ähli künjinde bolelinlikde halk köpçiligine hyzmat edýär. Dünýäniň öňde barýan, iň ösen ýurtlaryň tehnikalaryndan peýdalanyp zähmet çekýän her bir raýat şeýle mümkünçilikleri döredip berenligi üçin ýurt baştutanyna alkyş aýtýalar. Hakykatdan hem her bir pudakda zerur bolap, ýüze çykýan ýagdaýlar Arkadagymyzyň nazaryndan sypmaýar. Türkmen halky bu gün türkmen daýhanlarynyň, we ähli welaýatlaryň ilatlarynyň adyndan hormatly Prezidentimize oba hojalyk pudagyny ösdürmek bilen onuň zähmetsöýer ilaty hakynda edýän aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Altyn alma- alkyş al diýen atalar sözünden ugyr alýan Hormatly Prezidentimiziň goý mundan beýlägem alkyşdan paýly-döwletden serpaýly ojagy yranmasyn. Halkym diýip alyp barýan ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.