logo

Latest news:
✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Ýaş telekeçiler ýurduň innowasion geljegi ✦ ✦ «Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi ✦ ✦ Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar ✦ ✦ Emeli aňda täze döwür: OpenAI AGI ýolunda öňe gitýär ✦ ✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦
Home / Agriculture /Ýerleriň şorlaşmagy tebigy durnuklylyga howp salýan mesele
  04.06.2025
687
Ýerleriň şorlaşmagy tebigy durnuklylyga howp salýan mesele

Topraklaryň şorlaşmagy häzirki wagtda diňe bir ýer serişdelerine däl, eýsem oba hojalygyna, ekologiýa we ilatyň ýaşaýyş derejesine hem täsir edýän möhüm meseleleriň biri hökmünde çykyş edýär. Şorlaşma, toprakda zyýanly duzlaryň (hlorid, natriý karbonat, sulfat we beýleki) derejesiniň 0,25%-den ýokary bolmagy bilen ýüze çykýar. Bu hadysa esasan çöl, ýarym çöl we gurak klimatly arid zonalar üçin häsiýetlidir.


Bilermenleriň belleýşi ýaly, şorlaşma iki görnüşde ýüze çykýar: tebigy we ikilenç (adam işjeňligi bilen bagly). Tebigy şorlaşma ýuwaş we haýal geçýän hadysa bolup, ol ýerasty suwlaryň ýokaryk galmagy we soňra bugarmagy bilen toprakda duzlaryň toplanmagyndan emele gelýär. Şeýle-de, dag jynslarynyň ýellenmegi ýa-da wulkanik ýagdaýlar netijesinde hem toprak gatlagy şorlaşyp biler.


Emma häzirki wagtda aýratyn alada döredýän ýagdaý — bu ikilenç şorlaşmadyr. Bu ýagdaý ýerleriň nädogry we çendenaşa suwarylmagy netijesinde ýüze çykýar. Suwarymly meýdanlara artykmaç berilýän suw ýerasty gatlaklara süzülip, soňra ýer ýüzüne çykýar we şol ýerde ereýän duzlar toplanýar. Netijede, toprak sowrulma ukybyny ýitirýär we ekerançylygyň ýaramlylyk derejesi peselýär.


Aralýaka sebiti bu meseläni has hem duýýar. Statistiki maglumatlara görä, bu sebitdäki suwarymly meýdanlaryň 95%-i ikilenç şorlaşma sebäpli agyr ekologiýa ýagdaýynda ýerleşýär. Munuň birnäçe sebäbi bar:

  1. Aral deňziniň gurap galan düýbünden ýel arkaly duz-tozanlaryň geçmegi sebitiň howasyny we ýer üstüni duz bilen örtýär.
  2. Zeýkeş-zeýakaba suwlarynyň (ZZS) Özbegistanyň çäklerinden serhetüsti geçirilmegi hem ýagdaýy has-da kynlaşdyrýar. Soňky 30 ýylda bu serhetüsti suw akymlarynyň möçberi 3 esse ýokarlanyp, Daşoguzyň welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryndan çykýan ZZS akymy 2,5 esse artdy.
  3. Suwaryş ulgamynda suwlaryň hiliniň ýaramazlaşmagy, hususan-da ZZS-leriň göni Amyderýa akdyrylmagy bilen bagly. Ösümlikleriň we topragyň çydamlylygynyň çäginden ýokary bolan, ýagny 1,5 g/l duzly suwlaryň ulanylmagy ýerleriň şorlaşmagyny çaltlandyrýar.


Şeýle ýagdaýda çözgüt hökmünde suwaryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny öwrenmek we daşky gurşawy durnukly goramak boýunça giň gerimli çäreleri geçirmek zerur bolup durýar. Ýerleriň şorlaşmagy diňe bir oba hojalygyna däl, eýsem Türkmenistanyň ekologiýa durnuklylygyna hem gönüden-göni täsir edýän möhüm mesele bolup galýar.


Merjen MEREDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.