logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary
  14.05.2026
390
Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary

Daşary ýurt dilini üstünlikli özleşdirmek üçin yzygiderli we maksada okgunly zähmet çekmek zerurdyr. Iňlis dilini öwrenmekde birnäçe netijeli usullar giňden ulanylýar.

 

Ilki bilen, söz baýlygyny artdyrmak möhümdir. Her gün täze sözleri öwrenmek, olaryň ýazuwyny we ulanylyşyny gaýtalamak diliň esaslaryny pugtalandyryp berýär. Täze sözleri gündelik durmuşda sözlem içinde ulanmak olaryň aňda has gowy orun almagyna ýardam edýär.

 

Diňlemek usuly hem örän täsirli hasaplanylýar. Iňlis dilindäki aýdymlary, gepleşikleri, podkastlary we wideolary diňlemek arkaly sözleriň dogry aýdylyşyny öwrenmek bolýar. Şeýle usul diňläp düşünmek ukybyny ösdürýär.

 

Kitap, makala we hekaýalary okamak hem möhüm ähmiýete eýedir. Olar okuwçynyň grammatika baradaky düşünjesini giňeldýär, täze sözleriň manylaryny özleşdirmäge kömek edýär. Mundan başga-da, ýazmak we geplemek boýunça gündelik maşklar dil öwrenmegiň möhüm bölegidir.

 

Iňlis dilini öwrenmekde esasy şertleriň biri sabyrlylyk we yzygiderlilikdir. Her gün az wagt hem bolsa dil bilen meşgullanmak uly netijeleri berýär.

 

Merjen ATAÝEWA,

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň
iňlis dili mugallymy.