logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy
  20.05.2026
513
Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy

Aşgabatda geçirilen “Lean-Startup” seminary ýaş telekeçilere häzirki zaman startap usullary we innowasion biznes ýörelgeleri barada möhüm maglumatlary berdi. Amerikaly hünärmen Ronda Şroderiň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk ýaşlaryň telekeçilige bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.

 

2026 – njy ýylyň 17 – nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň (TSTB) merkezi binasynda ýurdumyzyň işewürlik we innowasiýa dünýäsine gadam basýan ýaşlary üçin okuw seminary geçirildi. Maslahata esasan-da Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýanyndaky "Ýaş telekeçiler" merkeziniň höwesleň ýaş agzalary, startap taslamalarynyň işläp taýýarlaýyjylary we Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdy. Bu çärede amerikaly hünärmen, Kaliforniýanyň Berkli-Haas (Berkeley-Haas) telekeçilik maksatnamasynyň we Aýlag sebiti düwünleri üçin Milli Ylym Gaznasynyň "I-Corps" programmasynyň ýerine ýetiriji direktory hanym Ronda Şroder özüniň baý tejribeleri bilen paýlaşdy.

 

Bu seminar Türkmenistanyň daşary işler ministrligi we  Türkmenistanyň Senegatçylar we telekeçiler partiýasy başlangyçlary we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň çakylygy boýunça guraldy.

 

Seminaryň esasy mowzugy dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa we biznes merkezlerinde uly meşhurlyga eýe bolan "Lean-Startup" (Çeýe Startap) tejribesine bagyşlandy. Ronda Şroder çykyşynyň dowamynda täze biznes taslamasyny başlangyç tapgyrda iň az çykdajy we az töwekgelçilikli nähili gurnamalydygyny, bazaryň isleglerini nädip dogry seljermelidigini giňişleýin düşündirdi. "Lean-Startup" usulyýeti, aýratyn-da ýaş telekeçiler üçin uly maliýe ýitgilerine sezewar bolman, taslamalaryny gysga wagtyň içinde synagdan geçirmäge we kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman guraly hökmünde tanyşdyryldy.

 

Seminara ýurduň dürli künjeklerinden gelen işewürlige höwesli ýaşlar, ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar we başlangyç tapgyrdaky telekeçiler uly gyzyklanma görkezdiler. Interaktiw görnüşde geçen duşuşykda ýaşlar dünýä derejeli hünärmene özlerini gyzyklandyrýan sowallar, esasanam global bazarlara çykmak, innowasion önümleri kämilleşdirmak we startap ekoulgamyny ösdürmek barada soraglary berdiler.

 

Şeýle halkara derejeli çäreler, ýurdumyzda ýaşlaryň telekeçilik we innowasiýa başarnyklaryny ösdürmek, sanly ykdysadyýeti hem-de hususy pudagy berkitmek baýunça durmuşa geçirilýan döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Halkara tejribäni özleşdirýän türkmen ýaşlary geljekde Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.

 

Şemşat NURYÝEWA
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.