Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň sagdyn, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Çagalaryň akyl taýdan ösmeginde, olaryň daş-töweregi bilen erkin aragatnaşyk saklamagynda we öz pikirini aýdyň beýan etmeginde sözleýşiň kämil bolmagy möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem çagalaryň sözleýşini ösdürmek ene-atalaryň, terbiýeçileriň hem-de mugallymlaryň öňünde durýan wajyp wezipeleriň biridir.
Sözleýiş çaganyň pikirlenişiniň, duýgusynyň we dünýägaraýşynyň aýnasydyr. Çaga näçe köp söz bilse, ol öz pikirini şonça-da düşnükli we manyly beýan edip bilýär. Söz baýlygynyň artmagy çaganyň diňe bir dil taýdan däl, eýsem akyl taýdan hem ösüşine oňyn täsir edýär. Şonuň üçin çaganyň ilkinji ýaşlaryndan başlap onuň bilen köp gürrüňdeş bolmak, täze sözleri öwretmek we soraglaryna sabyr bilen jogap bermek örän möhümdir.
Çagalaryň sözleýşini ösdürmegiň iň netijeli usullarynyň biri kitap okamakdyr. Ertekiler, goşgular, hekaýalar we rowaýatlar çagalaryň söz baýlygyny artdyrýar, olaryň hyýal güýjüni ösdürýär. Ene-atalar çagalaryna her gün kitap okap berip, soňra onuň mazmuny barada söhbetdeş bolsalar, bu usul aýratyn täsirli bolýar. Çaga okalan wakany öz sözleri bilen gürrüň bermäge çalyşýar we şeýlelikde täze sözleri gündelik sözleýşinde ulanmaga başlaýar.
Suratlar boýunça gürrüň bermek hem sözleýşi ösdürmegiň täsirli usullarynyň biridir. Reňkli suratlara seredip, çaga ondaky şekilleri, hereketleri we ýagdaýlary düşündirýär. Bu bolsa onuň synçylyk ukybyny, pikirlenişini we sözleýşini ösdürýär. Şeýle işler çaganyň döredijilik ukybyny hem güýçlendirýär. Goşgulary ýat tutmak, sanawaçlary we ýaňylmaçlary aýtmak çagalaryň sözleýiş apparatyny kämilleşdirýär. Şeýle eserler sesleriň dogry aýdylyşyny ösdürýär, çaganyň diksiýasyny gowulandyrýar. Aýratynam käbir sesleri aýtmakda kynçylyk çekýän çagalar üçin bu usul örän peýdalydyr.
Söhbetdeşlik çaganyň sözleýşini ösdürmegiň iň ýönekeý, emma iň täsirli usullarynyň biridir. Çagadan gününiň nähili geçendigi, halaýan oýunlary, dostlary ýa-da gören multfilmleri barada soramak onuň giňişleýin jogap bermäge bolan höwesini artdyrýar. Şeýle söhbetler çaganyň öz pikirini yzygiderli we düşnükli beýan etmegine kömek edýär. Häzirki döwürde çagalar üçin döredilen sesli kitaplar, öwrediji multfilmler we interaktiw programmalary hem ýerlikli peýdalanmak bolýar. Emma elektron serişdeleriň ulanylyşy çäklendirilen wagtda we ulylaryň gözegçiliginde amala aşyrylmalydyr.
Netijede, çagalaryň sözleýşini ösdürmek olaryň geljekki üstünlikleriniň berk binýadyny düzýär. Öz pikirini erkin, düşnükli we medeniýetli beýan edip bilýän çagalar okuwda-da, durmuşda-da uly üstünlikleri gazanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň geljeginiň has-da nurana bolmagyna hyzmat edýär.
Indira ÖWLIÝAGULYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.