logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Aziýa ösüş bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
  18.05.2026
346
Aziýa ösüş bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

14-nji maýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Aziýa ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa bölüminiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan «ýaşyl» başarnyklary ösdürmek taslamasy bilen baglanyşykly geçirildi. Onda hünär we ýokary bilim ulgamynda «ýaşyl» başarnyklary hem-de deňhukukly geçiş ýörelgelerini ösdürmek boýunça meýilleşdirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Duşuşyga Aziýa ösüş bankynyň sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça baş hünärmeni Zulfiýa Karimowa, maslahatçy Liliýa Kaçkinbaýewa we milli maslahatçy Waleriýa Danilçenko gatnaşdylar. Taraplar ýokary bilim ulgamyndaky okuw maksatnamalarynyň we strategiýalarynyň howanyň üýtgemegi boýunça milli borçnamalara, şeýle-de ykdysadyýetiň «ýaşyl» ösüş talaplaryna laýyk getirilmegi bilen bagly geçirilen seljermeleriň netijelerini maslahatlaşdylar.

 

Maslahatda CAREC sebitindäki oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Hususan-da, talyp we mugallym alyş-çalşy, bilelikdäki ylmy işler, halkara maslahatlary, gysga möhletli okuwlar hem-de täze dersler boýunça bilim standartlaryny taýýarlamak ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Şeýle başlangyçlar oba hojalygynda durnukly ösüşi üpjün etmäge, «ýaşyl» başarnyklary ösdürmäge we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga gönükdirilýär.

 

Geljekde döredilmegi meýilleşdirilýän «ýaşyl» başarnyklar boýunça sebitara merkeziň «ýaşyl» tehnologiýalar, howanyň üýtgemegi we oba hojalygynda innowasion çözgütler boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmagy göz öňünde tutulýar.

 

Şeýle-de halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda talyplar üçin «ýaşyl» ösüş we durnuklylyk boýunça okuw moduly taýýarlanyldy. Mundan başga-da, şu ýylyň mart-aprel aýlarynda uniwersitetiň mugallymynyň Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen CAREC maksatnamasynyň iş toparynyň üçünji mejlisine we okuw maslahatyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

 

Duşuşyga gatnaşyjylar özara bähbitli gatnaşyklaryň gülläp ösmegini, dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler hem-de munuň üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Kakajan ATAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.