logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Sport /Ýeňişe bagyşlanan ýaryş
  08.05.2020
988
Ýeňişe bagyşlanan ýaryş

       1941-1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli, 2020-nji ýylyň maý aýynyň 06-na Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komiteti hem-de Bäherden etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça “Sagsyn jemgyýet–berkarar döwlet” ady bilen bäsleşik geçirildi.

        Ýaş nesli berk bedenli, sagdyn ruhly edip ýetişdirmek baradaky tagallalardan ugur alyp geçiriln bu ýaryş, ýaşlaryň sporta höwesini artdyrmagy, güýçli toparlary ýüze çykarmagy hem-de höweslendirmegi maksat edindi. Şoňa göräde bu ýaryş diýseň çekeleşikli hem-de gyzykly geçdi. Her bir duşuşyk sport janköýerleri tarapyndan gyzykly garşylandy. Onuň netijesinde iň güýçli toparlar öňe saýlandy. Şeýlelikde Bäherden etrap sport mekdebiniň türgenleri 1-nji orna, etrap Bilim bölüminiň türgenleri 2-nji orna, etrap Polisýa bölüminiň türgenleri 3-nji orna mynasyp boldular.

     Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň hem-de Bäherden etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.