Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýaşulular – kämilligi dünýäniň!
  11.02.2020
1040
Ýaşulular – kämilligi dünýäniň!

    Ýaşululary sylamak, ula hormat goýmak türkmen halkynyň  gadymdan gelyän asylly däbidir. ,,Edebiň ýagşysy ulyny syla”, ,,Ulynysylan  beg bolar”, ,,Ýaşulusy bolmadygyň, ýaşkiçisi bolmaz” diýen pähimli nakyllary türkmenleriň ýaşululara goýýan sarpasynyň uludygynygörkezýär. Türkmen halky ýaşululary diňlemek, olaryň öwüt-pentlerinialmak, göreldesine eýermek, wesýetlerini berjaý etmek ýaly däplerinigadymy döwürlerden bäri dowam etdirip gelyärler. Her bir türkmen maşgalasynda ýaşulularyň sarpasy belent tutulyp, maşgala degişli  möhüm meseleler olaryň makullamagy bilen amala aşyrylýar. Türkmenhalky bir işiň başyny tutjak bolanda ilki bilen ýaşulusyna geñeş edip, ondan ak pata alýar.

    Toýlarda, sadakalarda we beýleki köpçülik ýerlerinde ýaşululara ayratyn orun berilýär. Olar töre geçirilip, olaryň berýän gyzykly gürrüňleri diñlenilýär. Köp durmuş tejribesi bolan ýaşulular bolsa  ýaşlaryň durmuşda ýalňyşmazlygy üçin olara degerli maslahatlarynyberip durýarlar. Yaşlar hem olaryň öwüt-pentlerini ýerine ýetirýärler, olardan görelde alýarlar.

    Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyñ  başda durmagynda ýaşuly  neslimize goýulýan sarpa has-da  belent derejä göterildi. Il sylagly ýaşulularymyz ýurt möçberinde tutulýan toýlardyr baýramlarda mynasyp beýemçibolmak bilen, dabaralarymyzyñ şatlyk-şowhuna beslenip  agzybirlikde, agyz süýjüliginde, belent ruhy galkynyşda, dunyä nusgalyk derejede geçmeginde köpe görelde bolyarlar.

     Ýaşulularymyz okuwçylaryñ, talyplaryň, edara-kärhanalaryñ işgärleriniň, mahlasy, halk köpçüliginiñ arasynda  ýygy-ýygydan bolup, Hormatly Prezidentimiziñ halkarajemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen oñyn işleri hem-de ýurtlaryñ arasyndaky bähbitli gatnaşyklary işeññirleşdirmek, dost-doganlygy ündew edýän, parahatçylyk söýüjidaşary syýasatyny, halal zähmet çekmek arkaly ata Watanymyzy gülletmek, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderlimeşgullanyp, sagdyn bedenli, belent ruhly bolmak, ýamanendiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek ýaly ýagşy häsiýetleri öwüt-nesihat edýärler. Ýaşulyneslimiziñ öz baý iş hem-de durmuş tejribelerinden täsirlimysallary getirmek arkaly berýän maslahatlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Hut şeýle il bähbitli çäreleri geçirmek bilen zamanabap neslimiziň kemala gelýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris.

       Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz, sözüñ hakyky manysynda, gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. MilliLiderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, diñe bir merjen paýtagtymyz Aşgabatda däl, ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde, şäherdir obalarynda raýatlarymyzyñ bagtyýar ýaşamaklary, netijeli zähmet çekmekleri üçin dünýä ülñülerine laýyk gelýän dürli maksatly binalar gurlup, ulanylmagaberilýär. Şolaryň açylyş dabaralarynda hem ýaşulularymyzöñbaşçy bolýarlar.

     Bugdaýdyr gowaçanyň ekilişini, olaryň hasylyny ýygnamaga girişmegi toý-dabaralara beslemek indi ýurdumyzdaasylly däbe öwrüldi. Mähriban Arkadagymyzyň ak patabermegi bilen, bu sogap işlere ýaşulularymyz dillerinde ýagsy dileg-arzuwlary senalap, badalga berýärler. Bol hasyl ugrunda gyzgalaňly zähmet çekilýän döwürlerde hem ýaşuly nesliñ wekilleri mahal-mahal türkmeniň guşgursak dänesini, ,,ak altynyny” ýetişdirýän kärendeçileriñ arasyndabolmak bilen, olaryň ýakyn armaçysyna öwrülip, dil kömegini gaýgyrmaýarlar.

     Her ýylda Ýaşulularyñ halkara gününiň ýurt derejesindedabaraly bellenilmegi, Hormatly Prezidentimiziñ başlangyçlaryesasynda döwletimizde ýaşulularyň sarpasynyň belent tutulýandygyndan aydyñ nyşandyr.

     Ýurdumyzda ýaşuly nesliñ sarpasynyň belent tutulýandygynyň ýene-de bir dürüň dänesi ýaly delili olaryň ,,Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulusy” diýen belent atbilen derejelenip, Hökümetimiziň orden-medallary bilensylaglanylmagydyr. Özleri hakda edilýän şeyle taýsyz tagallalar üçin yaşulularymyzyň çuňňur hormatlanylýan Prezidentimize aydýanalkyşlary çäksiz.

     2019-njy  ýylyň  oktýabr  aýynda  geçirilen  Halk  maslahatynyň  ikinji  mejlisinde  Hormatly  Prezidentimiz  Gurbanguly  Berdimuhamedowa  ,,Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulusy” diýen belent at  dakyldy. Bu  belent adyň  dakylmagy  türkmen  halkynyň  öz  ýaşulusyny  depesine  täç  edýändiginiň  aýdyň  subutnamasydyr.