Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Ýaşlyk» keramzit zawody öndürijilikli işleýän kärhanalaryň biridir. Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän bu iri kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 59 müň 100 kub metre barabardyr. Zawodyň gazanýan ýokary iş görkezijileri onuň önümçilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýandygyny görkezýär.
Ýurdumyzda gurluşyk pudagynyň ösmegi bilen bu ugur üçin zerur bolan ýerli önümleriň önümçiligini artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda zawodyň 9 million 714 müň manatlykdan gowrak ýokary hilli gurluşyk önümlerini öndürmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň pul hasabyndaky ösüşi 101,8 göterimden geçdi. Bu görkeziji kärhanada önümçilik işleriniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini we bar bolan kuwwatyň netijeli peýdalanylýandygyny görkezýär.
Zawodyň önümçilik işinde çig mal häzirki zaman ýokary tehnologiýalar esasynda işlenilýär. Kärhanada gurluşyk pudagy üçin zerur bolan keramzit hem-de izogam öndürilýär. Bu önümler hil aýratynlyklary we ulanylyş mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar.
Öndürilýän keramzit we izogam ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş-medeni maksatly desgalaryň içki we daşky diwarlaryny galdyrmakda giňden peýdalanylýar. Şeýle hem olar ýylylygy saklaýjy serişde hökmünde ulanylýar.
«Ýaşlyk» keramzit zawodynyň önümçilik görkezijileriniň ýokarlanmagy gurluşyk pudagyny ýerli önümler bilen üpjün etmäge, importyň ornuny tutýan harytlaryň möçberini artdyrmaga we içerki önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmaga goşant goşýar.