logo

Soňky täzelikler:
✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi
  13.05.2026
243
Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan bu syýasat diňe bir halkara giňişlikde däl, eýsem, ýaşlaryň bilim-terbiýe ulgamynda hem öz beýanyny tapýar.

 

2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda badalga berlen “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik hem munuň aýdyň mysalydyr. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen zehinli ýaşlary bir ýere jemlän bu intellektual ýaryş halkara hyzmatdaşlygyň, dostlugyň we özara düşünişmegiň hakyky mekdebine öwrüldi.

 

Bäsleşige Russiýa Federasiýasy, Hytaý Halk Respublikasy, Beýik Britaniýa, Eýran Yslam Respublikasy, Gruziýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyz Respublikasy ýaly dokuz döwletden, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 160-a golaý ýaş gatnaşdy. Olar halkara gatnaşyklary, diplomatiýa, parahatçylykly dialog we bitaraplyk syýasaty boýunça öz bilimlerini we başarnyklaryny görkezdiler.

 

Bu halkara bäsleşigiň aýratyn ähmiýeti onuň ýaşlaryň arasynda parahatçylyk medeniýetini wagyz etmegindedir. Häzirki döwürde dünýäde ýüze çykýan dürli meseleleriň diňe dialog, ynanyşmak we özara hormat goýmak arkaly çözülip bilinjekdigini ýaşlara düşündirmek örän möhümdir.

 

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty hem hut şu ýörelgelere esaslanýar. Şonuň üçin şeýle halkara bäsleşikler ýaşlaryň diňe bir nazary bilimlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň halkara hyzmatdaşlygyň gymmatyna has çuň düşünmegine ýardam edýär.

 

Bäsleşigiň dowamynda daşary ýurtly we türkmen ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklar has-da pugtalandyrdy. Olar dürli medeniýetler bilen tanyşdylar, tejribe alyşdylar we täze dostlary gazandylar.

 

Parahatçylyk dialogynyň medeniýetine bagyşlanan bu halkara olimpiada Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde tanalýandygyny nobatdaky gezek görkezdi.

 

Atamyrat GYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.