logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi
  06.07.2026
409
Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşyndaky şanly wakalary, olaryň gazanýan üstünliklerini we döredijilik başlangyçlaryny giňden wagyz edýän «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 6-njy sany okyjylarymyza ýetirildi.

 

Elektron žurnalyň nobatdaky sanynda jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerine, ýaş nesliň gazanýan üstünliklerine, ylym-bilimiň, medeniýetiň we sportuň ösüşine bagyşlanan materiallar çap edilipdir. Bu neşiriň sahypalarynda ýaşlaryň döredijilikli başlangyçlary durmuşa geçirmekdäki alyp barýan işlerini, şeýle-de ýaş hünärmenleriň, talyplaryň we okuwçylaryň eziz Diýarymyzyň ösüşine goşýan goşandyny açyp görkezýän makalalar giň orun alypdyr.

 

Žurnalyň täze sanynda medeniýetiň we sungatyň jemgyýetiň ruhy durmuşyndaky ähmiýeti, ylmyň we innowasiýalaryň geljegi kemala getirmekdäki wajyplygy, şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm bölegi hökmünde bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi barada düýpli makalalaryň okyjylara ýetirilendigini aýratyn bellemek gerek.

 

Mundan başga-da ýaş alymlaryň gazanýan üstünliklerine, zehinli ýaşlaryň döredijilik taslamalaryna we bäsleşiklere gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berlipdir. Galyberse-de, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny bir ýere jemlän, olaryň döredijilik zehinini açmaga ýardam eden «Talyp joşguny – 2026» atly döredijilik bäsleşigi dogrusynda hem giňişleýin durlup geçilýär.

 

«Arkadagly ýaşlar» elektron žurnaly ýaş nesliň gazanýan üstünlikleri, başlangyçlary we döredijilik güýji baradaky maglumatlary ildeşlerimize ýetirip, örän ähmiýetli maglumat çeşmesi hökmünde öz ornuny has-da berkidýär.

 

Çapdan çykyp başlanyna kän wagt geçmedigem bolsa, bu köpçülikleýin neşir okyjylaryň söýgüsini gazanmagy başardy. Häzirki wagtda bu žurnala abuna ýazylyp, onuň her sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşýanlaryň sany gün-günden artýar. Muny bolsa žurnalda çykyş etmäge isleg bildirýän ýaşlaryň sanynyň artýandygy bilen-de delillendirmek mümkin.

 

Gurbangül BAZAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

žurnalistikasy fakultetiniň  talyby.