logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýaşlaryň buýsançly ýürekleri
  13.02.2023
1344
Ýaşlaryň buýsançly ýürekleri

Ösüşlere beslenýän diýarymyzda toýlar-toýa ulaşýar. Şu günler ýurdumyzda medeniýet we ykdysady temalar bilen baglanşykly, ylym ugurlary bilen baglanşykly geçirilýän çäreleriň hem-de konferensiýalaryň has-da köpelýändigi, türkmen diýarynyň ýaşlarynyň hyjuwly ýüreklerinde watana bolan ümmülmez söýginiň bardygy bilen düşündirilýär. Buýsançdan doly ýüreklerinde üstünligiň açaryny saklaýan, ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaşlar, öz zehinlerini bäsleşiklerde hem-de ýaryşlarda açýarlar. Munuň özi ýurdumyzyň ýaşlarynyň daşary ýurtlarda sport äleminde, bilim-ylym bäsleşiklerinde edýän çykyşlarynda hem-de alýan baýrakly orunlary bilen düşündirilýär.

Watana bolan söýginiň, buýsanjyň  Türkmenistan diýarymyzy üstünlikleriň hem-de ruhy galkynyşyň mekanyna öwürmesi uly nesli has-da buýsandyrýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça edilen işleriň sany-sajagy ýok. Çünki ýurdumyzyň ýaşlarynyň birnäçesiniň halkara bäsleşiklere gatnaşmagy hem-de şol bäsleşiklerde dürli zehin bäsleşiklerinde hem-de dil boýunça bäsleşiklerde üstün çykmaklary hem watan buýsanjyna ýene bir gezek goşant goşýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda iňlis dili boýunça bäsleşik guramagy, olaryň diplomatiýadaky zehinlerini ýüze çykarmaga hem-de dil dünýäsine has ýakynlaşmagyna çelgi berdi. Mekdep okuwçylarynyň, mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň, ýaş hünärmenleriň üstünlikli çykyşlary ýurdumyzda buýsançly ýaşlaryň ösüp, kemala gelmeginde Garaşsyz döwletimiziň täsiriniň nusgalaryny öňe çykarýar.

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlaryň üstünliklerinde durmuşa geçirilýän işleriň täsiriniň bardygyny subut edýän alamatlarynyň biri-de biziň ýaşlarymyz dünýäniň çar künjündäki ýaşlar bilen iňlis dilinde dostana gatnaşyklary ýola goýmaklaryna badalga bolýar. Dünýäniň çar künji bilen dostana gatnaşyk edýän türkmen diýarynda häzirki günümizde edilýän işlerde beýik başlangyçlaryň bardygynyň subutnamasydyr.

Bäsleşikler hem-de konferensiýalar ýurdumyzyň ýaşlaryny gelejege taýýarlamakda uly merdiwandyr. Olaryň zehinlerini açmak we olara konferensiýalara, dil boýunça ýaryşlara gatnaşmaga mümkinçilik döretmek bolsa, gelejegiň ösüşli basgançaklarynda özüňi görmekdir.

Bäsleşikler we döredijilik gözden geçirişleri şahsy ösüşi, täze bilimleri öwrenmegi höweslendirýär we ýaşlaryň sazlaşykly ösüşine ýardam edýär. Daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek bolsa, täze bilimler we mümkinçilikler dünýäsine ýol açýandygy türkmen ýaşlarynyň dünýä bilim tejribesinde edýän işleriniň ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek subut edýär.  

 

Gülistan BADAMOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň talyby.