logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýaşlar Watanymyzyň daýanjydyr
  05.10.2021
1046
Ýaşlar Watanymyzyň daýanjydyr

Häzirki döwürde ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada   döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir.

«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda  ýaşlaryň syýasy-medeni çärelere has işjeň gatnaşmaklary, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek ugrunda oňaýly şertleriň döredilmegi dowam etdirilýär. Bu ugurda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem muny doly tassyklaýar.

Bu resminama Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň şahsyýet hökmünde kämilleşmegini, öz saýlap alan ugurlarynda dünýä tejribesini özleşdirmeklerini hem-de işine döredijilikli çemeleşmeklerini, okuwda, işde, sportda, ylym we hünär öwrenmekde ýokary netijeler gazanmaklaryny üpjün edýär. Olaryň durmuş üpjünçiliginiň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň, ylmy hem-de döredijilik başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagy bolsa ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyryp, ýurdumyzyň ýagty geljegine bolan uly ynamy döredýär. Çünki ýaşlar-nurana geljegimizi gurujylardyr, olaryň kämilligi Watanymyzyň kuwwatydyr.

Häzirki wagtda Diýarymyzda tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Onuň çäklerinde çagalaryň medeniýetli dynç almaklary üçin döredijilik duşuşyklarydyr sport ýaryşlary geçirilýär. Bu bolsa ýaşlary sagdyn we ruhubelent nesiller edip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdumyzda, hakykatdan-da, ýaşlar syýasatynyň dabaralanýandygyna, Türkmenistanyň bagtly çagalygyň mekanyna öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Gadymy döwürlerden bäri türkmen halky ýaşlara Watanyň daýanjy, ýurduň ösüşiniň esasy sütünleriniň biri hökmünde garapdyrlar. Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň taryhy asyrlara uzaýan ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýär, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ýörelgelere täzeçe öwüşgin çaýylýar.