logo

Latest news:
✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Culture /Ýaşlar etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler
  24.06.2025
911
Ýaşlar etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler

Ýaşlaryň taryhy mirasa bolan gyzyklanmasy artýar: Aşgabatda etnografiýa sergisine gezelenç guraldy.

 

TSTP-nyň Ýaş telekeçiler merkezi, TMÝG-nyň Meýletinçiler merkeziniň meýletinçi ýaşlary  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler.

 

Bu gezelençiň maksady ýaşlaryň milli mirasymyza bolan söýgüsini artdyrmak, ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleri bilen tanyşdyrmak hem-de türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän medeni baýlygyny ýaş nesle wagyz etmekden ybarat boldy.

 

Etnografiýa merkezinde gatnaşanlara gadymy milli hojalyk gurallary, şol sanda juwaz, jykyr, soky daşy, degirmen ýaly oba-hojalykda ulanylan enjamlar görkezildi. Şeýle-de, maldarçylyk we balykçylyk bilen bagly eksponatlar ýaşlaryň aýratyn ünsüni çekdi.

 

Sergide gara öý, alabaý itler, ahalteke atlary, hojalyk gurallary, ekerançylyk esbaplary, geçmiş döwürlerde ulanylan çap neşir nusgalary, dürli döwürlere degişli ýaraglar, çarwa durmuşyna degişli görkezilen sahnalar, şeýle hem halkymyzyň baý medeniýetini beýan edýän şaý-sepler, milli saz gurallary we küllallyk däpleri bilen bagly eksponatlar ýerleşdirildi.

 

Bu gezelenç ýaşlaryň öz halkynyň medeni mirasyna bolan buýsanjyny artdyrmakda, olaryň şahsy ösüşine we watançylyk duýgularynyň kämilleşmegine uly täsir edýär. Şeýle çäreler ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan baýlaşmagynda möhüm orun tutýar.

 

Sergä gatnaşyjy meýletinçi ýaşlar bu çäreden uly täsirlenme bilen çykyp, milli gymmatlyklarymyzy öwrenmegiň we wagyz etmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle medeni çäreleriň dowamly geçirilmegi ýaş nesliň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe.