logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýaşlar bilen zähmet bazarynda üstünlik gazanmak boýunça duşuşyk geçirildi
  23.02.2026
479
Ýaşlar bilen zähmet bazarynda üstünlik gazanmak boýunça duşuşyk geçirildi

TSTP-niň “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy we TMÝG-niň Meýletinçiler merkeziniň geňeşçisi Merdan Ataýew S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlar bilen duşuşyk geçirip, “Ýaş hünärmenleriň zähmet bazaryna üstünlikli uýgunlaşmagy” mowzugynda çykyş etdi. Ol ýaşlaryň bilimini hünär taýdan ösdürmegiň we bilim bilen önümçiligiň arasyndaky baglanyşygy berkitmegiň möhümdigini nygtady.

 

Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrligi, uniwersitet, TMÝG-niň Meýletinçiler merkezi we TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi bilelikde gurady. Gatnaşyjylar tejribe alyşma arkaly zähmet bazarynda üstünlik gazanmak üçin zerur başarnyklary öwrenmek mümkinçiligine eýe boldular.

 

Merdan Ataýew çykyşynda geljekki hünär meýilnamasyny düzmegiň, sanly başarnyklary ösdürmegiň we iş orunlaryny saýlamagyň möhüm bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de ol bilim bilen önümçiligi sazlaşykly ösdürmegiň ýaş hünärmenleriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýandygyny aýtdy.

 

Duşuşyk ýaşlaryň geljekki hünär ýoluna taýýarlygyny güýçlendirmek we zähmet bazarynda netijeli çykyş etmek üçin ähmiýetli boldy.