logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Poetry /«Ýaşa ýüreklerde baky Pyragy»
  30.03.2024
981
«Ýaşa ýüreklerde baky Pyragy»

Asyrlar aşsada manysyn saklap,

Her bir sözi müňläp manyny toplap,

Kalplara nur, köňle päkligin oklap,

Ýaşa ýüreklerde baky Pyragy.


 

Şygyrlaryň solmaz daragt mysaly,

Bir supra jem bolmak arzuw wysaly.

Bu gün ýetdik hol arzuwlaň mekany,

Ýürekde öçmejek çog sen Pyragy.


 

Her şahaň tükenmez giden bir umman,

Siz dek taryp etjek ýokdyr biguman.

Ýene näçe ýazsam tarypyňda kän,

Köňül içre bagtym sensiň Pyragy.


 

Arkadag şygrynda seslendi iliň,

Talyp ýüregimi joşdurdy şygryň.

Bu gün ýylymyza dakyldy adyň,

Üç ýüz ýaşyň gutly bolsun Pyragy!.

 

Nowça GELDIMIRADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky 
mugallymçylyk mekdebiniň talyby.