logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ýaş zehinleriň ylham joşguny
  19.05.2020
952
Ýaş zehinleriň ylham joşguny

       Ýakynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde N.Saryýew adyndaky welaýat çagalar sungat mekdebiniň 2019 — 2020-nji okuw ýylynyň jemlerine bagyşlanan hasabat konserti boldy.   Ýaş nesliň ajaýyp sungat baýramçylygyna öwrülen konserte mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylaryndan başga-da, ýaş zehinleriň ene-atalary, dogan-garyndaşlary, sungatyň köpsanly muşdaklary gatnaşdy.

         Myhmanlar, ilki bilen, medeni ojagyň giň eýwanynda guralan surat sergisi bilen tanyşdylar. Çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň işleriniň bu ýerdäki sergisi temasynyň giňdigi bilen uly gyzyklanma döretdi. Soňra esasy sahnada sungatyň ýaş zehinleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Çagalar sungat mekdebiniň orkestr toparynyň Nury Saryýewiň döreden “Torgaý guşlar” sazyny ussatlarça ýerine ýetirmekleri bilen başlanan aýdym-sazly çykyşlar göwün göteriji duýgulary peşgeş berdi.  Konsertiň dowamynda mekdebiň aýdym-saz, halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmegklerinde ýaňlanan  ýaş  zehinleriň sungat başarnygyny aýdyň ýüze çykardy.