logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Sport /Ýaş pälwanyň üstünligi
  22.12.2019
1116
Ýaş pälwanyň üstünligi

     Täze ýyl baýramçylygynyň öňsyrasynda Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň ýaşaýjysy Şatlyk Durdygulyýew tolgundyryjy pursatlary başdan geçirdi. Ol türkmen milli göreşi boýunça 2002-2003-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Ahal welaýatynyň birinjiligini almak ugrundaky 42 kg. agramda çykyş edip baýrakly birinji orna mynasyp boldy. Türkmen milli göreşi boýunça geçirilýän ýaryşyň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan Şatlygy, onuň deň duşlary uly ruhybelentlik bilen garşyladylar we gutladylar. Gahryman Arkadagymyzyň sportyň milli görnüşlerini ösdürmäge berýän ägirt uly goldawlary, döredýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden alkyşly sözleri aýtdylar.