Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýartygümmez (Ahmet al-Hadynyň) kümmeti
  25.03.2020
586
Ýartygümmez (Ahmet al-Hadynyň) kümmeti

       Sarahs etrabynyň merkezinden 7 – 8 km. günorta-gündogar tarapda orta asyr Sarahsly ussalaryň bina eden ajaýyp gurluşyk desgalarynyň biri bolan Ýartygümmez kümmeti ýerleşýär.

         Häzirki wagta çenli kümmetiň dört diwaryndan günorta diwary we gündogar hem-de günbatar diwarlaryndan hem bölekler saklanyp galypdyr. Şol sebäpden hem bu ymarat halk arasynda Ýartygümmez diýlip atlandyrylýar.

Kümmetiň diwarlarynyň birinde saklanyp galan arap ýazgysynyň aňlatmasynda ýazylyşyna görä (ol ýazgy diwardan 20-nji asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalarynda ýykylyp gaçypdyr). Ol 491-nji hijri ýylynda (1098-nji milady ýylynda) gurlupdyr. Ol as-Samanynyň berýän maglumatyna görä, Şyh Ahmet al-Hadynyň mazarynyň üstünde bina edilipdir. Orta asyrlar döwründe ol ýerde Andukan atly uly oba ýerleşipdir. Ýartygümmez guburhnasynyň gündogarynda ýerleşýän Ýartygümmez depesi şol orta asyr obasynyň merkezi galasynyň günbataryndaky Atsyz depe-6 bolsa Şähristanyň galyndysydyr.

         Ýerli ilatyň ýaşuly nesli kümmetde Muhammet Hanapiýanyň (Muhammet ibn al-Hanapiýa) jaýlanypdyr diýip, ony Muhammet Hanapiýanyň ýa-da Ymammuhammet babanyň guburhanasy diýip atlandyrýarlar.

         Orta asyrlar döwrüniň görnükli Merwli taryhçysy, alymy as-Samanynyň (1113 – 1167 ýý.) „Kitap al-ansab“ (Atlaryň genologik kitaby“ diýen işinde şeýle setirler bar: „Andukan Sarahsyň obalarynyň biri, onda şyh Ahmet al-Hadyň mazary bar“ ХХ asyryň gadymyýeti öwreniji görnükli alymlarynyň (G.A.Pugaçenkowa, M.Ý.Masson) pikirlerine görä, Ýartygümmez as-Samanynyň şol Andukan obasyndaky Ahmet al-Hadynyň mazarynyň üstünden bina edilen ymarat bolmaly. Ahmet al-Hadynyň Х – ХI asyrlarda Sarahs töwereklerinde ýaşap, il içinde uly abraýdan peýdalanan musulman dininiň görnükli wekilleriniň biri bolmaly.

         Häzirki wagtda Ýartygümmez kümmetiniň dört diwaryndan bir ýarym diwary saklanyp galypdyr. Mundan 30 ýyldan gowrak hem onuň iki diwary abat eken. Dört diwaryndan iki diwarynyň saklanyp galany üçin ol il içinde Ýartygümmez diýlip atlandyrylyp başlanypdyr.

         Ýartygümmez kümmetiniň  ilkinji sapar 1931-nji ýylda „Türkmenkultyň“ ekspedisiýasy tarapyndan hasaba alnypdyr. G.A.Pugaçenkowanyň aýtmagyna görä, ýadygärlik ХI asyra degişli bolmaly. M.Ýe.Masson tarapyndan okalan kufi ýazgysy, ýadygärligiň 1098-nji ýylda gurlandygyny anyk belli etdi.

         1992-nji ýylyň mart-awgust aýlarynda „Türkmen-restowrasiýa“ birleşiginiň we „Ýurt“ jemgyýetiniň uly ylmy işgäri L.G.Siwridenkonyň ýolbaşçylygynda Ýartygümmezde gazuw-agtaryş we berkidiş işleri geçirildi. Şonda kümmetiniň  ini 2 m. töweregi edilip örilen düýbiniň günbatar – demirgazyk we gündogar – demirgazyk burçlarynyň çökendigi kesgitlenildi.

     Gazuw – agtaryş işleri geçirilende ol ýerden ХI – ХII asyrlara degişli birnäçe bürünçden ýasalan jam, syrçaly we syrçasyz çyralar, monjuklar we başga zatlar tapyldy.

     1994–1995 - nji ýyllarda ýadygärlikde dikeldiş işleri alnyp baryldy. Şeýle hem 2004–nji ýylyň maý aýynda Ýartygümmez (Ahmet al-Hadynyň) kümmetinde Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň  rejeleýiş we taslama bölüminiň baş hünärmeni Bezirgen Şadurdyýewiň taslamasy esasynda Sarahsly we Köneürgençli ussalar tarapyndan rejeleýiş işleri geçirildi.