Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky Medeniýet öýünde “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” ady bilen dabara geçirildi. Etrap medeniýet bölüminiň hem-de TMÝG-niň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary, etrabyň dürli ýerlerinden ýaşlar gatnaşdy.
Dabarada “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda eziz Diýarymyzda bolup geçýän ajaýyp wakalar, giňden bellenilip geçilýän şanly seneleriň ähmiýeti barada söz açyldy, ýurdumyzda enelere goýulýan hormat-sarpa, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleri, el hünärini kämilleşdirmek, milli mirasymyzy gorap saklamak we wagyz-etmek boýunça alnyp barylýan işlere üns çekildi.
Dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary tarapyndan taýýarlanan çykyşlar aýratyn göwün göteriji duýgulary peşgeş berdi. Olaryň ýerine ýetiren “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly edebi-sazly kompozisiýada enä bolan belent hormat-sarpa öz beýanyny tapdy. Dabara şirin owazly, belent mukamly aýdym-sazlara, milli öwüşgine baý tanslara utgaşdy. Bu çykyşlar dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Düýnki gün, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere, olaryň döwletli maşgalalaryna goşa şatlygy peşgeş berildi. Baýramçylyk dabarasynyň şowhunynyň belende göterilen çagynda sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň birnäçesine täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryň açarlary gowşuryldy. Bu ajaýyp wakalar ruhubelentlige beslenen dabaralara utgaşdy.
Etrabyň ýaşaýjysy Žuleta Sähedowa Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan hem-de täze ýaşaýyş jaýyny sowgat alan bagtyýar eneleriň biridir. Düýn bu mährem enä, onuň maşgala agzalaryna etrabyň Täze eýýam geňeşliginiň çäginde bina edilen täze ýaşaýyş jaýynyň açary gowşuryldy. Şu waka egsilmez joşguna beslenen dabara utgaşdy.
Bagtyýar maşgala täze jaýyň açaryny gowşurmak we gutlamak üçin welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de beýleki myhmanlar ol ýere ýygnandylar. Gutlag sözleri aýdyldy, aýdym-sazlar ýaňlandy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleri barada aýdyp, köp çagaly eneler barada edýän aladalary bilen baglanyşykly gürrüňe aýratyn ünsi çekdiler hem-de munuň üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler.
Bagtyýar maşgala ýokary amatlykly jaýyň açarynyň gowşurylmagy dabaranyň iň ýatda galyjy pursatyna öwrüldi. Geňeşligiň çäginde ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan gurlan täze jaýlar bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýän bu bir gatly ýaşaýyş jaýy dört otagdan ybaratdyr. Onda döwrebap şertlerde ýaşamak üçin ähli amatlyklar göz öňüne tutulypdyr. Howlynyň içinde hojalyk işini alyp barmak üçin kömekçi desgalar hem bina edilipdir.
Şatlykly günde bagtyýar maşgalada jaý toýy uludan tutuldy. Myhmanlara duz-çörek hödür-kerem edildi.