logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy
  07.09.2026
5
Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Niderlandlar Patyşalygynyň Wenraý şäherinde ahalteke atlarynyň gözelligine we atly sporta bagyşlanan halkara çäreleriň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eseriniň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

 

Çärä Niderlandlaryň we Türkmenistanyň ylmy hem-de döredijilik jemgyýetçiliginiň wekilleri, atçylyk pudagynyň hünärmenleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

 

Neşiriň esasy maksady türkmen halkynyň ahalteke bedewleri bilen bagly taryhy däplerini, milli atşynaslyk medeniýetini we seýisçilik tejribesini niderland dilli okyjylara ýetirmekden ybaratdyr. Kitapda bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky we medeniýetindäki orny, at ýetişdirmek hem-de seýislemek bilen bagly asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýörelgeler barada maglumat berilýär.

 

«Atda wepa-da bar, sapa-da» eseri ilkinji gezek 2019-njy ýylda neşir edildi. Sekiz bölümden ybarat kitapda ahalteke atlarynyň taryhy, olaryň özboluşly aýratynlyklary, seýisçilik däpleri we milli medeniýet bilen arabaglanyşygy ylmy, taryhy hem-de edebi maglumatlar arkaly beýan edilýär.

 

Gahryman Arkadagymyzyň bu eserinde bedewiň diňe bir atly sportda ulanylýan at hökmünde däl, eýsem türkmen halkynyň ruhy mirasynyň we taryhy gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ähmiýeti açylyp görkezilýär. Şeýle hem at bilen adamyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen özboluşly gatnaşyklar barada gürrüň berilýär.

 

Kitabyň niderland diline geçirilmegi ýerli okyjylara türkmen bedewleriniň aýratynlyklary we milli atçylyk medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu neşir dürli ýurtlaryň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmaga, medeni gatnaşyklary ösdürmäge we türkmen atşynaslyk mirasyny halkara derejesinde wagyz etmäge ýardam eder.

 

Tanyşdyrylyş dabarasynyň halkara atçylyk çäreleriniň geçirilýän günlerinde guralmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Çäreleriň dowamynda ahalteke bedewleriniň gözelligi we atly sportdaky mümkinçilikleri görkezildi. Türkmen halkynyň at üstündäki milli oýunlary hem daşary ýurtly tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi.

 

«Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiriniň okyjylara hödürlenmegi türkmen bedewleri baradaky maglumatlaryň daşary ýurtlarda ýaýradylmagyna we milli atşynaslyk däpleriniň giňden tanadylmagyna goşant goşdy.

Dawud Döwletow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň IV ýyl talyby.