logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Sports /Welaýatyň birinjiligi ugrundaky ýaryş
  29.06.2020
890
Welaýatyň birinjiligi ugrundaky ýaryş

      Sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýurduna öwrülýän diýarymyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrundaky tagallalardan ugur alyp, ýaşlary köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä çekmek maksady bilen sportyň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli ýaryşlar geçirilýär. Şeýle ýaryşlary biri hem Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň gurnamagynda 20-21.06.2020-nji ýylda Sarahs etrap sport mekdebinde sportyň woleýbol görnüşi boýunça Ahal welaýatynyň açyk çempionaty geçirildi. Dabaranyň başynda sportyň karate görnüşi boýunça tälim alýan ýaş tälimçilerimiziň ajaýyp görkezme çykyşlary görkezildi. Geçirilen sport ýaryşyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen toparlaryň on ikisi gatnaşyp öz aralarynda bäsleşdiler. Gyzgalaňly geçen ýaryşda özleriniň ussatlyklaryny görkezip “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň woleýbol topary birinji orna, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň woleýbol topary ikinji orna we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň woleýbol topary üçünji orna mynasyp boldylar. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň we Türkmenistanyň Magtmguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy.