Watany goramak, oňa gulluk etmek adamzadyň ykbalynda esasy borç bolup durýar. Çünki her bir ynsan doglandan tä ömrüniň ahyryna çenli Watana gulluk edýär. Şol sebäpli «Watana gulluk tamamlanmaýar» diýen jümläniň ähmiýeti has anyk ýüze çykýar. Hiç wagt Watan bilen üzlüşmek ýok, diňe oňa gulluk etmek bar. Şonuň üçin ata-babalarymyz nesil terbiýesinde watansöýüjilik duýgusyny belende göteripdirler. Ýurdumyzda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şu günler “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýylynda kanunda bellenen möhletleri gulluk eden çagyryş boýunça harby gullukçylary ätiýaçlyga goýbermek we olary ýaşaýan ýerlerinde garşy almak dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerime eýe bolýar. Şeýle dabaralaryň biri hem ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň demir ýol menzilinde öz gulluk möhletlerini tamamlap ätiýaja ugradylan çagyryş boýunça harby gullukçylary garşylamak çäresi uly ruhybelentlige beslenip, ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. Geleni duz çörek bilen garşylamak halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri bolup durýar, ätiýaçlyga ugradylan çagyryş boýunça harby gullukçylary hem il sylagly ýaşulylaryň, mekdep okuwçylaryň, sungat işgärleriniň we birnäçe abraýly myhmanlaryň gatnaşmagynda duz-çörekli garşy alyndy. Soňra bu ýere gelen myhmanlar Watan öňündäki harby gulluk borçlaryny tamamlan esgerlere Milli Ýaragly Güýçlerimiziň hataryndan çagyryş boýunça harby gulluklaryny geçip milli goşunymyzyň goranyş ukybynyň pugtalanmagynda goşan goşantlary üçin hem-de berjaý eden harby gulluklary üçin özleriniň minnetdarlyk sözlerini aýdyp, Watanymyzyň wepaly ogullary bolup ýurdumyzyň dürli künjeklerinde özleriniň söýen kärlerinde zähmet çekip Watanymyzyň wepaly raýatlary bolmaklaryny arzuw etdiler. Berkarar döwletimizi arzuwlan pederlerimiz Watany goramagy, gerek bolsa Watan üçin şirin janyňy hem gaýgyrmazlygy bize wesýet edipdir. Sebäbi Watana gulluk etmek her bir adam üçin ägirt uly borçdur. Watan diýmek - toprak diýmekdir. Şonuň üçinem Oguz han atamyzyň «Ser bereris, ýer bermeris» diýen jümlesinden ruhlanyp, Watanymyzy jan aýaman goramalydyrys! Çünki Watan goragy diňe mert, gaýduwsyz, edermen ýigitlere ynanylýar.